Ï Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk boýunça hakaton geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk boýunça hakaton geçiriler

view-icon 7070
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk boýunça hakaton geçiriler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça bäsleşik geçirjekdigini yglan etdi.

IT pudagynyň ýaş hünärmenleri üçin bu ýaryşlar 28-29-njy noýabrda geçiriler. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler özleri barada maglumatlary 25-nji noýabra çenli uniwersitetiň oguzhan.edu.tm@gmail.com elektron poçtasyna ibermelidir. Bäsleşigiň şertleri bilen salgysynda has jikme-jik tanşyp bilersiňiz.

«2019 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ýörelgesine» laýyklykda guralan «Tehniki ýumuş esasynda platforma işläp düzmek» atly hakaton kiberhowpsuzlyk pudagyndaky zehinli hünärmenleri ýüze çykarmaga, şeýle hem ulgamdaky howplar we olardan gorag usullary barada habardarlygy artdyrmaga gönükdirilendir.

Bäsleşik web programmirlemäni we sanly tehnologiýalary öwrenýän talyplara kompýuter ulgamlaryny we goşmaça programmalary açmak hem goramak boýunça dürli meseleleri çözmek arkaly maglumat howpsuzlygy ugrundaky başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistan 2019-njy ýylda milli «kiber özygtyýarlylygy» goramak we zyýanly haker hüjümleriniň öňüni almak maksady bilen, kiberhowpsuzlyk barada kanun kabul etdi. Häzirki wagtda ýurduň ministrliklerinde we müdirliklerinde maglumat tehnologiýasyna we kiber howplardan goraga jogapkär ýörite bölümler bar.

Mundan başga-da, bilim edaralary maglumat goragy we howpsuzlygy boýunça ýaş IT hünärmenlerini taýýarlaýarlar.