Ï Daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary türkmen talyplaryna umumy sapak berdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary türkmen talyplaryna umumy sapak berdiler

view-icon 4790
Daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary türkmen talyplaryna umumy sapak berdiler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Russiýanyň D.I.Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň «Informatika we kompýuter taslamalary» kafedrasynyň dosenti Filip Sergeýewiç Sowetin bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.

 

Moskwanyň D.I.Mendeleýew adyndaky uniwersitetiniň hünärmeni türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary bilen «Himiki-tehnologiki prosesleri modelirlemek» dersi boýunça sapak geçdi. Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň organiki däl maddalary hünäri boýunça talyplar üçin «Himiýa pudagynda awtomatlaşdyrylan taslama ulgamy (ATU)» temasyndan umumy sapak okaldy.

Türkmen talyplary üçin geçirilen bu okuw talyplaryň hünär başarnyklarynyň kemala gelmegine we bu ugurdan ýaş hünärmenleriň himiýa ylymlary we tehnologiýalary boýunça taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Uniwersitetiň dosentiniň umumy sapagy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Russiýanyň D.I.Mendeleýew adyndaky himiýa tehnologiýasy uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada ylalaşygyň çäklerinde geçirildi.

D.I.Mendeleýew adyndaky RHTU Russiýanyň öňdebaryjy ylmy uniwersitetlerinden biridir, ol dünýä ylmy toparlarynda giňden tanalýar. Ondan başga-da Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we hünärment mekdepleriniň wekilleri üçin Berliniň Boýt adyndaky Amaly ylymlar tehniki uniwersitetiniň professory Boris Reznik bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde geçirildi.

Berlin uniwersitetiniň «Geodeziýa we geoinformatika» kafedrasynyň professory talyplara «Emeli intellekt ulanyp inženerçilik desgalaryna gözegçilik» temasyndan umumy sapak okady. Professor Boris Reznigiň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda umumy sapagynyň indi adaty ýagdaýa öwrülendigini bellemek gerek, sapaklar göni we onlaýn görnüşde yzygiderli guralýar. Duşuşyklaryň çäklerinde okuw-amaly sapaklar geçirilýär, ylym we bilim ugrundan bilelikdäki işiň geljekki meýilnamalary hem-de iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar, gymmatly tejribe we täze bilimler alyşylýar. 

Türkmenistanyň we Germaniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklar 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Boýt adyndaky Amaly ylymlar tehniki uniwersitetiň arasynda baglaşylan Özara hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk esasynda amala aşyrylýar.