Ï Täze neşir Magtymguly Pyragynyň azerbaýjan dilindäki kitaplarynyň üstüni ýetirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze neşir Magtymguly Pyragynyň azerbaýjan dilindäki kitaplarynyň üstüni ýetirdi

view-icon 4498
Täze neşir Magtymguly Pyragynyň azerbaýjan dilindäki kitaplarynyň üstüni ýetirdi

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp 17-nji noýabrda Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Fizuli adyndaky golýazmalar institutynda geçirilen maslahatyň çäginde şahyryň saýlanan eserleriniň azerbaýjan dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Kitaby Magtymgulynyň goşgularyny türkmençeden azerbaýjan diline geçiren terjimeçi we onuň döredijilik mirasy boýunça hünärmen professor Ramiz Äsgär neşire taýýarlapdyr. Ramiz Äsgär, şeýle hem 2010-njy ýylda Ankarada neşir edilen «TÜRKSOÝ kitaphanasy» toplumyndan «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» kitabynyň redaktorydyr.

Türkmen halkynyň beýik oglunyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ýaýratmakda we wagyz etmekde görkezen uly hyzmatlary üçin ol Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy, şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň baýragynyň eýesidir. 2015-nji ýylda Fizuli adyndaky golýazmalar instituty tarapyndan Magtymguly Pyragynyň «Diwany» neşir edildi. Azerbaýjan diline terjime edilip, transliterasiýa bilen taýýarlanan 600 sahypalyk bu kitaba şahyryň ozal çap edilmedik goşgulary-da girizildi. Magtymguly Pyragynyň azerbaýjan dilindäki «Diwanynyň» tanyşdyrylyşy Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynda bolup geçdi.

Azerbaýjan dilindäki «Magtymguly. Saýlanan eserler» atly täze kitap Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň oňa syn beren alymlary bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanyp, «Ylym» akademiki neşirýat tarapyndan neşir edildi.

Bakuwda bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahatyň çäginde geçen tanyşdyrylyşa gatnaşan türkmen alymlary bu çäräni iki dogan halkyň ylmy we medeni hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biri hasaplaýarlar. Olar Magtymgulynyň dünýä ähmiýetli döredijiligine Azerbaýjanda uly gyzyklanma bildirilýändigini bellediler. Şonuň üçin nusgawy şahyryň eserleriniň we onuň döredijilik mirasyna bagyşlanan ylmy işleriň neşir edilmegi dowam etdiriler.