Ï Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty 30 ýyllygyny belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty 30 ýyllygyny belledi

view-icon 8511
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty 30 ýyllygyny belledi
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty döredilmeginiň 30 ýyllygyny uly baýram edip belledi.

Mekdebiň baýram güni dabaraly nyzama durmak bilen başlandy, onuň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň adyndan okuwçylara – dürli olimpiadalaryň ýeňijilerine we baýrakly orunlary eýelänlere hormat hatlary hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Olimpiada toparlarynyň mynasyp baýraklary alan ýolbaşçylarynyň, terbiýeçi mugallymlaryň we mekdep mugallymlarynyň işleri aýratyn bellendi. Dabara gatnaşýanlaryň joşgunly el çarpyşmalary baýrak gowşurylyşyny has-da dabaralandyrdy.

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty okuwda ajaýyp netijeleri görkezýän, ýurt içindäki we halkara derejesinde mowzuk hem döredijilik ýaryşlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan guýmagursak zehinli okuwçylary bilen meşhurdyr. Bu internatda okuwçylara berilýän bilimiň we terbiýäniň hiliniň ýokarylygy ýaşlaryň mümkinçiligini hemmetaraplaýyn ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin döredilen şertlerden habar berýär.

Mekdep okuwçylary bu şanly sene mynasybetli «Ak mekdebim – geljegime dowam sen» atly uly baýramçylyk konsertini taýýarladylar. Okuwçylar türkmen şahyrlarynyň goşgularyny aýratyn buýsanç duýgusy bilen okadylar, halk aýdymdyr tanslaryny we häzirki zaman sazly kompozisiýalary ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyna onuň myhmanlarynyň – öz döredijilik işlerini mekdep işgärlerine sowgat getiren türkmen aýdymçylarynyň çykyşlary-da girdi.