Ï Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary elektrik enjamlaryny abatlaýyş hem-de olara hyzmat ediş merkezinde tälim aldylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary elektrik enjamlaryny abatlaýyş hem-de olara hyzmat ediş merkezinde tälim aldylar

view-icon 4536
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary elektrik enjamlaryny abatlaýyş hem-de olara hyzmat ediş merkezinde tälim aldylar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň inžener-mehaniki fakultetiniň mugallymlary we talyplary Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky elektrik enjamlaryny abatlaýyş we olara hyzmat ediş merkezinde çaltlaşdyrylan okuw tapgyryny geçdiler.

«Önümçiligi awtomatlaşdyrmak» kafedrasynyň mugallymlary hem-de «Önümçilik we tehnologik amallary awtomatlaşdyrmak» hünäri boýunça okaýan talyplar Merkeziň gurluşy hem-de işi bilen jikme-jik tanyşdylar. Olar ugurdaş sehlere, barlaghanalara we beýleki ýerlere baryp gördüler. Kärhananyň hünärmenleri myhmanlara ýöriteleşdirilen köpugurly enjamlaryň, şol sanda gaz turbinalaryň detallaryny dürli usullar bilen synagdan geçirmek, barlamak we arassalamak üçin niýetlenen enjamlary görkezdiler.

Hünärmenler okuw çäresinde Merkeziň alyp barýan işleri netijesinde indi turbinalaryň detallaryny abatlamak üçin daşary ýurtlara ibermek zerurlygynyň ýokdugyny bellediler. Turbinalary döwrebaplaşdyrmak üçin kärhana işiň netijeliligini we ýangyç tygşytlylygyny ýokarlandyrmak arkaly enjamlaryň hyzmat möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýän serişde tygşytlaýan «General Electric» tehnologiýalaryny oturtdy.

Mugallymlara we talyplara ýörite görkeziji madda - fluoressent ýa-da gyzyl penetrantr sepmek usuly bilen bejerilýän enjamlarda görünmeýän kemçilikleri ýüze çykarmak üçin ösen ulgamlar görkezildi. Önümçiligi awtomatlaşdyryş pudagynda dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan «FANUC Robotics Europe S.A.» kompaniýasynda öndürilen senagat robotynyň şeýle iş görnüşleri üçin niýetlenendigi nygtaldy. 

Institutyň wekilleri, şeýle hem ýurduň ähli sebitlerinde gurlan kuwwatly energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenen Merkezdäki beýleki önümçilik işleri bilen hem tanyşdylar.

Bu okuw ýöriteleşdirilen bilimleri giňeltmek we çuňlaşdyrmak, hünär başarnygyny ösdürmek, hünär başarnyklaryny kemala getirmek we energetika pudagynda ýaş hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergoabatlaýyş» ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginiň energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş Merkeziniň – tutuş Merkezi Aziýada öz ugrundan bu özboluşly we ýeke-täk desga geçen ýylyň iýul aýynda ulanylmaga berildi.