Ï Aşgabatda koreý medeniýetiniň agşamy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda koreý medeniýetiniň agşamy geçiriler

view-icon 4095
Aşgabatda koreý medeniýetiniň agşamy geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Maglumat merkezine esaslanýan Maglumat elýeterliliginiň merkezi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde «Koreý milli baýramlary» atly medeniýet agşamyny geçirmäge taýýarlanýar. Bu çäräniň maksady Türkmenistanda koreý medeniýetini wagyz etmek we türkmen-koreý dostlugyny berkitmekden ybarat.

Çäräniň maksatnamasynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleriniň çykyşlary we Koreýanyň Milli maglumat jemgyýeti guramasy (NIA) tarapyndan döredilen Maglumat elýeterliligi merkeziniň gysgaça taryhy bilen tanyşdyrylyş bar. Onuň işiniň netijeliligini Aşgabadyň saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçylarynyň kompýuter sapaklarynda alan bilimleridir başarnyklary aýdyň görkezer. 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we koreý dilini öwrenýän talyplary Koreýanyň milli baýramlary barada gürrüň bererler. Institutyň talyplary koreý aýdymyny we tansyny ýerine ýetirerler, koreý dilinde goşgy okarlar we uly bolmadyk bu konserti joşgunly «Küştdepdi» bilen tamamlarlar.

Çäräniň maksatnamasyna taekwondo söweş sungaty bilen meşgullanýan türgenleriň çykyşlary hem girizilipdir.