Ï Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 8707

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2, 79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, № 4, 140-njy we 162-nji maddalar; 2017 ý., № 1, 12-nji we 30-njy maddalar, № 2, 74-nji madda, № 3, 105-nji madda, № 4, 147-nji we 167-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 90-njy we 106-njy maddalar; 2019 ý., № 1, 7-nji madda, № 4, 65-nji we 90-njy maddalar; 2020 ý., № 3, 37-nji madda; 2021 ý., № 1, 13-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda, № 4, 147-nji madda; 2022 ý., № 2, 26-njy madda, № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda):

466-njy we 467-nji maddalaryň ikinji bölekleriniň birinji tesimlerinde, 468-nji maddanyň ikinji böleginde «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly;

470-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji tesiminde we 471-nji maddanyň ikinji böleginde «Oba hojalyk we daşky» diýen sözleri «Daşky» diýen söze çalşyrmaly.

2. 1999-njy ýylyň 15-nji sentýabryndaky «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 3, 46-njy madda; 2009 ý., № 2, 33-nji madda; 2010 ý., № 4, 73-nji madda; 2017 ý., № 2, 80-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda) 3-nji maddasynyň mazmunynda «Oba hojalyk we daşky» diýen sözleri «Daşky» diýen söze çalşyrmaly.

3. 2000-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky «Azyk howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 160-njy madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda) 6-njy maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde «oba hojalyk we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri «oba hojalygy» diýen sözlere çalşyrmaly.

4. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustyndaky «Ösümlikleriň karantini hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 55-nji madda; 2016 ý., № 1, 16-njy madda; 2017 ý., № 2, 80-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 32-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda):

1-nji maddanyň 4-nji bendinde «we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ösümlikleriň karantini» diýen sözleri «ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin» diýen sözlere çalşyrmaly;

5-nji maddanyň mazmunynda «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

5. 2009-njy ýylyň 21-nji noýabryndaky «Ýarag hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 78-nji madda; 2012 ý., № 3, 65-nji madda; 2015 ý., № 2, 63-nji madda; 2016 ý., № 1, 67-nji madda, № 2, 103-nji madda; 2017 ý., № 3, 110-njy madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda; 2020 ý., №3, 41-nji madda) 28-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendinde «Oba hojalyk we daşky» diýen sözleri «Daşky» diýen söze çalşyrmaly.

6. 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 2, 30-njy madda; 2017 ý., № 2, 80-nji madda; 2019 ý., №1, 14-nji madda):

5-nji maddanyň ikinji böleginiň üçünji tesiminde «oba hojalyk we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri «oba hojalygy» diýen sözlere çalşyrmaly;

10-njy maddanyň ikinji we üçünji tesimlerinde «oba hojalyk we daşky gurşawy goramak» we «oba hojalyk we daşky» diýen sözleri degişlilikde «oba hojalygy» we «daşky» diýen sözlere çalşyrmaly.

7. 2013-nji ýylyň 4-nji maýyndaky «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 19-njy madda; 2014 ý., № 4, 164-nji madda; 2016 ý., № 2, 98-nji we 103-nji maddalar; 2019 ý., № 1, 10-njy madda; 2020 ý., № 2, 23-nji madda, № 3, 40-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; 2022 ý., № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., №1, 5-nji madda) 5-nji maddasynyň altynjy böleginde «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

8. 2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky «Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 43-nji madda; 2014 ý., № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 74-nji madda) 16-njy maddasynyň birinji böleginiň üçünji tesiminde «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

9. 2013-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 88-nji madda; 2014 ý., № 4, 148-nji madda; 2015 ý., № 1, 32-nji madda, № 2,
69-njy madda; 2016 ý., № 1, 68-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 97-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda; 2020 ý., № 3, 46-njy madda, № 4, 85-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 133-nji madda) 18-nji maddasynyň sekizinji böleginiň ikinji tesiminde «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

10. 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 73-nji madda; 2016 ý., № 1, 69-njy madda, № 4, 165-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda) 15-nji maddasynyň mazmunynda, 421-nji maddasynyň birinji böleginiň üçünji tesiminde, ikinji we üçünji böleklerinde, 54-nji maddasynyň dördünji böleginiň birinji tesiminde we ýedinji böleginiň üçünji hem-de dördünji tesimlerinde «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

11. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky «Ekologiýa seljermesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 108-nji madda; 2016 ý., № 2, 103-nji madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda, №2, 56-njy madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda) 6-njy maddasynyň mazmunynda «Oba hojalyk we daşky» diýen sözleri «Daşky» diýen söze çalşyrmaly.

12. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 144-nji madda; 2016 ý., № 2, 103-nji madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda; 2019 ý., № 2, 41-nji madda; 2020 ý., № 2, 23-nji madda, № 3, 52-nji madda) 1-nji maddasynyň 4-nji bendinde we 5-nji maddasynyň mazmunynda «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

13. 2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 60-njy madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda; 2020 ý., № 1, 17-nji madda) 4-nji maddasynyň mazmunynda «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

14. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky «Öri meýdanlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 101-nji madda; 2016 ý., № 2, 103-nji madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda; 2019 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 77-nji madda):

10-njy maddanyň mazmunynda «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly;

35-nji maddanyň ikinji böleginde:

birinji tesimde «ygtyýarlandyrylan edara» diýen sözleri «daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji tesimde «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

15. 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary, 2015 ý., № 4, 142-nji madda; 2016 ý., № 2, 103-nji madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda, № 2, 42-nji madda; 2021 ý., № 1, 22-nji madda) 42-nji maddasynyň dördünji böleginde «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

16. 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 97-nji madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda, № 4, 77-nji madda) 7-nji maddasynyň mazmunynda «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

17. 2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 10-njy madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda) 6-njy maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

18. 2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 27-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda) 5-nji maddasynyň mazmunynda «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

19. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 72-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 141-nji madda) 5-nji maddasynyň mazmunynda «Oba hojalyk we daşky» diýen sözleri «Daşky» diýen söze çalşyrmaly.

20. 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky «Pagtaçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 104-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda) 4-nji maddasynyň mazmunynda «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

21. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 128-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda) 6-njy maddasynyň birinji böleginde «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

22. 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý. № 2, 31-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda) 4-nji maddasynyň mazmunynda «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

23. 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 4, 87-nji madda; 2019 ý., № 2, 43-nji madda) 5-nji maddasynyň ikinji tesiminde, 7-nji maddasynyň adynda we birinji tesiminde «oba hojalyk we daşky gurşawy goramak» we «Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri degişlilikde «oba hojalygy» we «Oba hojalygy» diýen sözlere çalşyrmaly.

24. 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndаky «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 4, 105-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda, № 4, 70-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda; 2022 ý., № 3, 84-nji madda) 9-njy maddasynyň mazmunynda, 11-nji maddasynyň adynda we bäşinji böleginde «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

25. 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, 5-nji madda) 9-njy maddasynyň mazmunynda «Oba hojalyk we daşky» diýen sözleri «Daşky» diýen söze çalşyrmaly.

26. 2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 3-nji madda) 1-nji maddasynyň birinji böleginiň 8-nji bendinde «Oba hojalyk we daşky» diýen sözleri «Daşky» diýen söze çalşyrmaly.

27. 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 12-nji madda):

9-njy maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Energetika ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarlandyrylan edara), Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi (mundan beýläk — oba hojalygy babatda ygtyýarlandyrylan edara), Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk — daşky gurşawy goramak babatda ygtyýarlandyrylan edara) we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.»;

11-nji maddanyň 15-nji bendinde «oba hojalyk we» diýen sözleri «oba hojalygy babatda ygtyýarlandyrylan edara,» diýen sözlere çalşyrmaly;

12-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«12-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa

çeşmeleri çygrynda

oba hojalygy babatda

ygtyýarlandyrylan

edaranyň ygtyýarlylygy

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri çygrynda oba hojalygy babatda ygtyýarlandyrylan edara:

1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýar;

3) gurluşlaryň ýerleşdirilmegi ähtimal bolan meýdançalar üçin ýer böleklerini bölüp bermek barada meselelere seredýär;

4) ýer serişdelerini goramak we olary rejeli peýdalanmak maksady bilen gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça teklipleri berýär;

5) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.»;

12-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«121-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa

çeşmeleri çygrynda daşky

gurşawy goramak babatda

ygtyýarlandyrylan edaranyň

ygtyýarlylygy

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri çygrynda daşky gurşawy goramak babatda ygtyýarlandyrylan edara:

1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýar;

3) gurluşlaryň ýerleşdirilmegi ähtimal bolan meýdançalar üçin ýer böleklerini bölüp bermek baradaky meseleleriň seredilmegine gatnaşýar we öz tekliplerini berýär;

4) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak babatda zerur bolan tebigy-howa şertleri barada maglumat bilen üpjün edýär;

5) ýellere gözegçiligi geçirmegiň we gidrometeorologiýa beketleriniň maglumatlaryny ýel energiýasyndan peýdalanmak boýunça gurluşlaryň ýerleşdirilmegi ähtimal bolan saýlanyp alnan meýdançalara baglamagyň tertibini kesgitleýär;

6) daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak maksady bilen gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça teklipleri berýär;

7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.».

28. 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 145-nji madda) 1-nji maddasynyň birinji böleginiň 17-nji bendinde «Oba hojalyk we daşky» diýen sözleri «Daşky» diýen söze çalşyrmaly.

29. 2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 72-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda) 29-njy maddasynyň üçünji böleginde «we daşky gurşawy goramak» diýen sözleri aýyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 25-nji noýabry.