Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebiniň guran «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly bäsleşiginiň III möwsüminiň saýlama tapgyrynyň üçünji oýny geçirildi.
«Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – ählumumy adamzat gymmatlyklarynyň milli çyragy» şygary bilen geçirilýän möwsümiň nobatdaky oýny «Awşarlar döwletiniň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary» temasyna bagyşlandy.
Bäsleşige paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki, Mary, Ahal, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky orta mekdeplerden 9–11-nji synp okuwçylarynyň sekizisi gatnaşdy.
Intellektual taslama Türkmenistanyň orta mekdep okuwçylary üçin geçirilýär we ol hünär ugruna gönükdirilendir. Bäsleşik geljekde diplomat hökmünde wezipe edinmek üçin zerur bilimleri we häsiýetleri bolan has zehinli hem ukyply okuwçylary kesgitlemäge gönükdirilendir. Taslamanyň temasy milli diplomatiýa mekdebiniň kemala gelen we ösen dürli taryhy döwürlerini öz içine alýar.
Bäsleşigiň aýratynlyklaryna laýyklykda, «Danalar geňeşi» diýlip atlandyrylýan eminler toparynyň hatarynda bu ugurdan bilermenler, alymlar, professorlar, ylymlaryň kandidatlary we tejribeli mugallymlar bar.
Taslamanyň III möwsüminiň üçünji oýnunyň eminler toparyna Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» baýragynyň eýesi Ýazgylyç Orazgylyjow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Romanguly Mustakow wekilçilik etdiler.
DIM-niň HGI-niň saýtynda bellenilişi ýaly, oýun diýseň çekeleşikli geçdi, zehinli okuwçylar biliminiň ýetikdigini we mynasyp intellektual göreş alyp barmak ukybyny görkezdiler. Bäsleşik meýdançasynda hakyky zehin «söweşi» boldy, şu çynlakaý gapma-garşylykda emin agzalaryna iň güýçlüleri kesgitlemek aňsat düşmedi.
Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Muhammetmyrat Ýakubow we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumaýewa taslamanyň III möwsüminiň ýarym finalyna çykdylar.
Ýeňijilere we oýna gatnaşanlaryň ählisine Ýokary diplomatiýa mekdebiniň Hormat hatlary we çäräniň hemaýatkärlerinden gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Olaryň arasynda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Ýaýdan ok atmak milli federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi, «Abadan haly» AGPJ, «Aýdyň gijeler» HJ, «Ýedi Dogan» HK, «Muhammet Balkan» HJ, «Düwmejik» HK bar.
«Miras» milli teleýaýlymynyň işgärleri we ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň okuw studiýasynyň wekilleri oýny surata düşürdiler hem ýazga geçirdiler. Bäsleşik ýakyn günlerde türkmen teletomaşaçylaryna görkeziler.