Ï Türkmenistanyň Kanuny «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

­Türkmenistanyň Kanuny «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 14017

I. 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabryndaky «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 92-nji madda; 2017 ý., № 4, 176-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) giriş bölekde «ýüze çykarmak,» diýen sözlerden soň «öwrenmek, rejelemek,» diýen sözleri goşmaly;

2) 4-nji maddanyň mazmunynda «ýüze çykarmaga,» diýen sözlerden soň «öwrenmäge, rejelemäge,» diýen sözleri goşmaly;

3) II babyň adynda «düzgünleşdirmek» diýen sözi «döwlet düzgünleşdirmesi» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 6-njy maddada:

adynda «düzgünleşdiriş edaralary» diýen sözleri «düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar» diýen sözlere çalşyrmaly;

mazmunynda «dikeltmek» diýen sözi «rejelemek» diýen söze çalşyrmaly;

5) 7-nji maddada:

bäşinji tesimde «ýüze çykarmagyň,» diýen sözlerden soň «öwrenmegiň, rejelemegiň,» diýen sözleri goşmaly;

ýedinji tesimde «dikeltmegiň» diýen sözi «rejelemegiň» diýen söze çalşyrmaly;

6) 8-nji maddada:

ikinji tesimde «mirasyň obýektlerini» diýen sözlerden soň «ýüze çykarmagyň, öwrenmegiň, rejelemegiň,» diýen sözleri goşmaly;

üçünji tesimde «ýüze çykarmagyň,» diýen sözlerden soň «öwrenmegiň, rejelemegiň,» diýen sözleri goşmaly;

altynjy tesimde «belleýär» diýen sözi «tassyklaýar» diýen söze çalşyrmaly;

7) 9-njy maddada:

adynda, birinji we ýedinji tesimlerde «dikeltmek» we «dikeldiş-konserwasiýa» diýen sözleri degişlilikde «rejelemek» we «rejeleýiş-konserwasiýa» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

« - milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmagyň, öwrenmegiň, rejelemegiň, aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýär;»;

dördünji tesimde «hasaba alynmagyny,» diýen sözlerden soň «öwrenilmegini, rejelenilmegini,» diýen sözleri goşmaly;

altynjy tesimde «seljermesini» diýen sözi «seljerişini» diýen söze çalşyrmaly;

altynjy tesimden soň şu mazmunly tesimleri goşmaly:

«- döwlet taryhy-medeni seljerişiň netijesi esasynda çözgüt kabul edýär;

- ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işler üçin bölünip berlen ýer böleklerinde milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň bardygy ýa-da ýokdugy barada Netijenama (mundan beýläk — Netijenama) berýär;»;

8) 10-njy maddada:

üçünji we dördünji tesimlerde «dikeltmekde» we «dikeltmegi» diýen sözleri degişlilikde «rejelemekde» we «rejelemegi» diýen sözlere çalşyrmaly;

bäşinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«- şäherleri we beýleki ilatly ýerleri meýilleşdirmegiň, gurmagyň we durkuny täzelemegiň taslamalary işlenip taýýarlanylanda we tassyklanylanda, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylan milli taryhy-medeni mirasyň ähli derejelerdäki obýektlerini ýüze çykarmak we aýap saklamak hem-de taryhy-arhitektura daýanç meýilnamalaryny we karta-çyzgylaryny düzmek boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;»;

altynjy tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine gorag borçnamalaryny resmileşdirýärler we olaryň bu obýektleriň eýeleri, peýdalanyjylary, şeýle hem obýektleriň ýerleşen çägindäki guramalar, kärhanalar we Geňeşler tarapyndan ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler;»;

9) 12-nji maddanyň ikinji böleginde «beýleki» diýen sözi aýyrmaly we «dikeltmek» diýen sözi «rejelemek» diýen söze çalşyrmaly;

10) 14-nji maddanyň bäşinji böleginde, 15-nji maddanyň mazmunynda, 17-nji maddanyň birinji böleginde, ikinji böleginiň ikinji tesiminde, bäşinji we altynjy böleklerinde, 27-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde, dördünji, bäşinji we altynjy böleklerinde, 28-nji maddanyň birinji tesiminde «dikeltmek», «dikeltmegi», «dikeltmekdir» diýen sözleri degişlilikde «rejelemek», «rejelemegi» we «rejelemekdir» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 18-nji maddada:

birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Milli taryhy-medeni gymmaty bolan obýektleri Reýestre goşmak hukugy milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna degişlidir.»;

ikinji bölekde «Taryhy-medeni gymmaty» diýen sözleri «Milli taryhy-medeni gymmaty» diýen sözlere çalşyrmaly;

altynjy bölekde «dikeltmek» diýen sözi «rejelemek» diýen söze çalşyrmaly;

12) 20-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Reýestrden çykarmagy obýektiň fiziki taýdan doly ýitirilendigi ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň obýekti hökmünde öz gymmatyny ýitirendigi barada döwlet taryhy-medeni seljerişiň netijesi esasynda, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy amala aşyrýar.»;

13) 21-nji maddada:

birinji bölekde:

birinji tesimde «1.» san belgisini aýyrmaly we «Seljerme» diýen sözi «Seljeriş» diýen söze çalşyrmaly;

dördünji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini täzeden döretmek;»;

bäşinji tesimi aýyrmaly;

ikinji bölegi aýyrmaly;

14) 22-nji maddanyň bäşinji tesiminde «döwlet taryhy-medeni seljeriş» diýen sözleri «Seljeriş» diýen söze çalşyrmaly;

15) 23-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Şu aşakdakylar Seljerişiň obýektleridir:

1) şu Kanunyň 2-nji maddasyna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň alamatlaryna eýelik edýän obýektler;

2) milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň Reýestre goşulmagyny esaslandyrýan resminamalar;

3) milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň Reýestrden çykarylmagyny esaslandyrýan resminamalar;

4) milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň taryhy-medeni ähmiýetiniň derejesini kesgitlemegi esaslandyrýan resminamalar;

5) milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň taryhy-medeni ähmiýetiniň derejesini üýtgetmegi esaslandyrýan resminamalar;

6) milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň taryhy-medeni goraghanalara degişli edilmegini esaslandyrýan resminamalar;

7) milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň bütindünýä medeni mirasynyň obýektlerine degişli edilmegini esaslandyrýan resminamalar;

8) milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň gorag zolaklarynyň taslamalary;

9) şu Kanunda bellenen halatlarda şähergurluşyk we taslama resminamalary, şähergurluşyk dessurlary.»;

16) 24-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«24-nji madda. Seljerişi geçirmek

1. Seljerişi milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ýanyndaky Taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak we rejelemek boýunça ylmy-usulyýet geňeşi (mundan beýläk — Ylmy-usulyýet geňeşi) geçirýär.

Ylmy-usulyýet geňeşi hakyndaky Düzgünnama hem-de geňeşiň düzümi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanýar. Ylmy-usulyýet geňeşiniň düzümine arheologlar, taryhçylar, arhitektorlar, sungaty we medeniýeti öwrenijiler, halkara hünärmenler we beýleki degişli bilermenler girýärler.

2. Seljerişi geçirmegiň tertibi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanýar.»;

17) 25-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Seljerişiň netijesi Ylmy-usulyýet geňeşiniň teswirnamasy görnüşinde resmileşdirilýär. Teswirnamada şu Kanunyň 24-nji maddasynyň ikinji bölegi esasynda tassyklanan tertibe laýyklykda, bilermenler tarapyndan geçirilen seljerişiň netijeleri beýan edilýär.

Seljerişiň netijesi esasynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy şu Kanunyň 23-nji maddasynda görkezilen milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça degişli karar kabul edýär.

2. Seljerişiň netijesi bilen razy bolmadyk mahalynda, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy öz başlangyjy boýunça ýa-da gyzyklanýan şahsyň arzasy boýunça medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenen tertipde gaýtadan Seljerişi bellemäge haklydyr.

3. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň karary bilen razy bolmadyk gyzyklanýan şahs bu barada Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edip biler.»;

18) 26-njy maddanyň ikinji böleginde «döwlet taryhy-medeni seljerişiň» diýen sözleri «Seljerişiň» diýen söze çalşyrmaly;

19) 27-nji maddanyň altynjy böleginde «medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy» diýen sözleri «milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy» diýen sözlere çalşyrmaly;

20) 31-nji maddada «ýer,» diýen sözden soň «ýolgurluşyk,» diýen sözi goşmaly;

21) 32-nji maddada:

adynda «ýer,» diýen sözden soň «ýolgurluşyk,» diýen sözi goşmaly;

mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri taslamak we geçirmek hojalyk taýdan özleşdirilmäge degişli çäklerde milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň alamatlaryna eýelik edýän obýektleriň ýokdugy hakynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berlen Netijenama bolan halatynda amala aşyrylyp bilner.

2. Netijenamany bermek üçin milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy şu işleri tölegli esasda geçirýär:

1) Reýestre girýän maglumatlary öwrenýär;

2) hojalyk taýdan özleşdirilmäge degişli çäklerde ýerleşýän ýer bölegini gözden geçirýär;

3) degişli ýer böleginiň ýerleşiş çyzgysyna laýyk gelmegini barlaýar;

4) zerurlyk ýüze çykan halatynda, ýer bölegine golaý ýerleşen döwlet hasabynda duran milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň gorag zolaklaryny ýerleşiş çyzgysyna girizýär.

3. Netijenamany bermek bilen bagly işleriň amala aşyrylmagy milli taryhy-medeni mirasyň obýektine göni ýa-da gytaklaýyn täsir edip biljek ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleriň başlanmagyna çenli we (ýa-da) şähergurluşyk we taslama resminamasynyň, şähergurluşyk dessurlarynyň tassyklanylmagyna çenli geçirilýär.

4. Netijenamany bermek bilen bagly işler üçin töleg ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmekçi bolýan şahs tarapyndan tölenýär. Tölegiň möçberi milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan nyrhnama esasynda tassyklanylýar.

5. Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralaryň, şeýle hem döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň serişdeleriniň hasabyna ýerine ýetirilýän ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmek üçin Netijenamany bermek bilen bagly işler töleg tölemekden boşadylýar.

6. Hojalyk taýdan özleşdirilmäge degişli çäkde milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň alamatlaryny özünde saklaýan obýektler ýüze çykarylsa, ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryna şu Kanunda bellenen tertipde bu obýektleriň Reýestre goşulmagyna çenli ýüze çykarylan obýektleriň aýalyp saklanylmagyny üpjün etmek hakyndaky bölümler girizilmelidir. Şunda bu çäkdäki ýergurluşyk, şähergurluşyk we taslama resminamasynyň, bu çäkde şähergurluşyk dessurlarynyň düzgünleriniň hereketi degişli üýtgetmeleriň girizilmegine çenli togtadylýar.»;

22) 33-nji maddanyň adynda «Taryhy-medeni» diýen sözleri «Milli taryhy-medeni» diýen sözlere çalşyrmaly;

23) 37-nji maddada:

birinji bölekde «Seljermäniň» diýen sözi «Seljerişiň» diýen söze çalşyrmaly;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«7. Döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň çäginde diňe goraghanalaryň işi bilen bagly desgalaryň gurluşygyna ýol berilýär. Şeýle desgalaryň gurluşygy milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylan taslamalar boýunça amala aşyrylýar.»;

24) 41-nji maddada:

adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«41-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň eýeleriniň borçlary»;

birinji bölegiň 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji bentlerinde we ikinji bölekde «dikeltmek» diýen sözi «rejelemek» diýen söze çalşyrmaly;

25) 42-nji maddada:

üçünji bölekde:

üçünji tesimde «ýer,» diýen sözden soň «ýolgurluşyk,» diýen sözi goşmaly we «dikeltmek» diýen sözi «rejelemek» diýen söze çalşyrmaly;

bäşinji tesimde «dikeltmek» diýen sözi «rejelemek» diýen söze çalşyrmaly;

dördünji bölegiň üçünji tesiminde «ýer,» diýen sözden soň «ýolgurluşyk,» diýen sözi goşmaly we «dikeltmek» diýen sözi «rejelemek» diýen söze çalşyrmaly;

26) 45-nji maddanyň üçünji böleginde «karara» diýen sözi «çözgüde» diýen söze çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 25-nji noýabry.