Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 16851

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 1997-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan, 2022-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanylan Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 11-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 3, 73-nji madda):

250-nji maddanyň belliginiň ikinji böleginde «ol» we «jezadan boşadylýar» diýen sözleri degişlilikde «oňa» we «jeza bellenilip bilinmez» diýen sözlere çalşyrmaly;

284-nji we 285-nji maddalaryň bellikleriniň üçünji böleklerinde «şu maddada», «ol» we «jezadan boşadylýar» diýen sözleri degişlilikde «şu maddanyň ikinji böleginde», «oňa» we «jeza bellenilip bilinmez» diýen sözlere çalşyrmaly.

2. 2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan, 2021-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanylan Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., №1, 6-njy madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda):

81-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde «1-nji bendinde» diýen sözleri «1-nji we 11-nji bentlerinde» diýen sözlere çalşyrmaly;

141-nji maddanyň 1-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«11) jedel aradan aýrylan bolsa;».

3. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 29-njy madda; 2010 ý., № 3, 42-nji madda; 2011 ý., № 3, 56-njy madda; 2012 ý., № 1, 43-nji madda, № 4, 110-njy madda; 2014 ý., № 1, 41-nji madda, № 2, 78-nji madda; 2016 ý., № 1, 7-nji we 65-nji maddalar; 2017 ý., № 3, 110-njy madda; 2018 ý., №2, 33-nji madda; 2019 ý., №1, 8-nji madda, № 4, 89-njy madda; 2020 ý., № 3, 35-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 28-nji madda, № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda):

428-nji maddasynda:

ikinji bölekde «meseläni raýat kazyýet önümçiligi tertibinde seretmäge berýär» diýen sözleri «hak isleýjä bu mesele boýunça raýat kazyýet önümçiligi tertibinde ýüz tutmaga hukugynyň bardygyny düşündirýär» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji bölekde «raýat kazyýet önümçiligi tertibinde geçirilýär» diýen sözleri «babatynda jebir çekeniň raýat kazyýet önümçiligi tertibinde kazyýete ýüz tutmaga hukugynyň bardygy düşündirilýär» diýen sözlere çalşyrmaly.

4. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 94-nji madda; 2017 ý., № 1, 28-nji madda, № 4, 142-nji madda; 2018 ý., № 4, 109-njy madda; 2020 ý., № 4, 80-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda; 2022 ý., № 2, 27-nji madda, №3, 73-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., №1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda):

1) 1-nji maddanyň ikinji böleginde «24-36-njy baplarynda» diýen sözleri «24-nji, 25-nji we 27-36-njy baplarynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 7-nji maddanyň ikinji böleginde «eltýär» diýen sözden soň «, şu Kodeksiň 3851-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen halatlar muňa degişli däldir» diýen sözleri goşmaly;

3) 8-nji maddanyň üçünji böleginde «degişlidir» diýen sözden soň «, şu Kodeksiň 3851-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen halatlar muňa degişli däldir» diýen sözleri goşmaly;

4) 50-nji maddanyň ikinji böleginde degişlilikde «Bir raýat» we «beýleki raýat» diýen sözlerden soň «, administratiw we arbitraž» diýen sözleri goşmaly;

5) 87-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde «1-nji bendinde» diýen sözleri «1-nji we 11-nji bentlerinde» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 96-njy maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendini aýyrmaly we 2-nji, 3-nji bentleri degişlilikde 1-nji, 2-nji bentler diýip hasap etmeli;

7) 259-njy maddanyň 1-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«11) jedel aradan aýrylan bolsa;»;

8) 269-njy maddanyň üçünji böleginde «düzülmelidir we bäş günden gijä galman gol çekilmelidir» diýen sözleri «bäş günden gijä galman düzülmelidir we gol çekilmelidir» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) 273-nji maddanyň birinji böleginde «24-28-nji baplarynda» diýen sözleri «24-nji, 25-nji, 27-nji we 28-nji baplarynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

10) 358-nji maddanyň ikinji böleginde we 396-njy maddanyň ikinji böleginde «Kodeksiň 24-29-njy baplarynda» diýen sözleri «Kodeksiň 24-nji, 25-nji we 27-29-njy baplarynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 385-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«3851-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasarynyň gözegçilik basgançakly kazyýete ýüz tutmak hukugy

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary öz başlangyjy boýunça ýa-da şu Kodeksiň 385-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň haýyşnamalarynyň esasynda Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kanuny güýje giren kazyýet kararlaryna (çözgütlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna) maddy we iş ýörediş kanunyň kadalarynyň düýpli bozulmagyny aradan aýyrmak maksady bilen, şu aşakdaky ýagdaýlarda teklipnama getirmäge haklydyr:

1) kabul edilen kazyýet karary kesgitlenmedik şahslar toparynyň durmuş-ykdysady, syýasy, şahsy hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de fiziki we ýuridik şahslaryň kanun arkaly goralýan bähbitlerini bozýan bolsa;

2) kabul edilen kazyýet karary kanunyň kadalarynyň ulanylyşynyň we düşündirilişiniň birmeňzeşligini bozýan bolsa.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasarynyň teklipnama getirmeginiň we olara seredilmeginiň möhleti we tertibi şu babyň düzgünleri boýunça kesgitlenilýär.».

5. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustyndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 135-nji madda; 2015 ý., № 1, 22-nji madda; 2016 ý., № 1, 61-nji madda, № 3, 117-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 38-nji madda; 2019 ý., № 1, 9-njy madda; 2020 ý., № 1, 5-nji madda; 2021 ý., № 1, 14-nji madda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 148-nji madda; 2022 ý., № 2, 30-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 28-nji madda; № 3 , 72-nji madda):

1) 1-nji maddanyň üçünji böleginde, 36-njy maddanyň ikinji böleginde, 45-nji maddanyň birinji böleginde we 95-nji maddanyň ikinji böleginiň 8-nji bendinde «raýat, arbitraž, administratiw we jenaýat» diýen sözleri «jenaýat, raýat, administratiw, arbitraž we administratiw hukuk bozulmalary hakynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 18-nji maddanyň birinji böleginde «raýat,» diýen sözden soň «administratiw we» diýen sözleri goşmaly;

3) 46-njy maddada:

2-nji bentde «raýat,» diýen sözden soň «administratiw,» diýen sözi goşmaly;

5-nji bentde «netijenamalary» diýen sözden soň «, teklipnamalary» diýen sözi goşmaly, «jenaýat, raýat, arbitraž we administratiw» diýen sözleri «jenaýat, raýat, administratiw, arbitraž we administratiw hukuk bozulmalary hakynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 64-nji maddanyň birinji böleginde «raýat, arbitraž, jenaýat işleri we administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky» diýen sözleri «jenaýat, raýat, administratiw, arbitraž we administratiw hukuk bozulmalary hakynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 94-nji maddanyň birinji böleginde «Raýat,» we «administratiw» diýen sözlerden soň degişlilikde «administratiw,» we «hukuk bozulmalary hakynda» diýen sözleri goşmaly.

6. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 136-njy madda; 2015 ý., № 3, 103-nji madda; 2016 ý., № 1, 60-njy madda; 2017 ý., № 4, 144-nji madda; 2020 ý., № 1, 8-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 150-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda):

1) 6-njy maddanyň birinji böleginiň 11-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«11) notarial tertipde tassyklanylan aliment tölemek hakynda şertnamalar;»;

2) 7-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Ýerine ýetiriş namasyna bellenilen tertipde kazy we kazynyň kömekçisi (ýa-da kanselýariýa müdiri, ýa-da kazyýetiň kätibi) tarapyndan gol çekilýär we kazyýetiň möhüri bilen tassyklanylýаr.»;

3) 10-njy maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Kazyýet ýerine ýetirijileri ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanan bir nusgadaky geýim, tapawutlandyryş nyşanlary bilen üpjün edilýär. Kazyýet ýerine ýetirijileri özlerine berlen hünär derejesine laýyklykda tapawutlandyryş nyşanlary dakylan lybaslary bellenilen tertipde geýýärler.»;

4) 17-nji maddanyň bäşinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«5. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň karary degişlilikde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň, onuň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça müdirliginiň hem-de onuň bölümleriniň müdirleriniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň, olaryň orunbasarlarynyň hem-de degişli bölümleriniň müdirleriniň karary bilen, şeýle-de şikaýat edilende ýa-da teklipnama getirilende degişli kazyýet tarapyndan ýatyrylyp bilner.»;

5) 22-nji maddada:

birinji bölekde «öz işini» diýen sözlerden soň «şu Kanuna we» diýen sözleri goşmaly;

ikinji bölekde «çekmegiň tertibi» diýen sözlerden soň «şu Kanuna we» diýen sözleri goşmaly;

dördünji bölekde «Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda» diýen sözleri «şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň buýrugy bilen» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 33-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«3. Eger bergidaryň hukuk oruntutary mirasdar bolsa, onda ol kabul edip alan miras paýynyň möçberinde jogap berýär.»;

7) 59-njy maddanyň bäşinji böleginde «diýlip ykrar edilen» diýen sözlerden soň «, şeýle hem şu Kanunyň 113-nji maddasynyň 31-nji bölegi, 114-nji maddasynyň dördünji bölegi esasynda ýerine ýetiriş önümçiligini bes etmek hakynda karar ýatyrylan» diýen sözleri goşmaly;

8) 60-njy maddanyň birinji bölegine şu mazmunly bentleri goşmaly:

«6) eger algydar özüniň hereketi (hereketsizligi) bilen ýerine ýetiriş resminamasynyň ýerine ýetirilmegine päsgelçilik döretse;

7) eger çaganyň terbiýesine gatnaşmak bilen bagly ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça bergidar algydaryň çaga bilen gatnaşmagyna we görüşmegine päsgelçilik döretmese.»;

9) 78-nji maddanyň mazmunynda «bilermeni (hünärmeni) belläp biler» diýen sözleri «bilermeni (hünärmeni) ýa-da düzüminde birnäçe bilermen bolan ýörite bilermenler toparyny belleýär» diýen sözlere çalşyrmaly;

10) 89-njy maddada:

ikinji bölekde:

üçünji sözlemden soň şu mazmunly sözlemi goşmaly:«Eger-de ol pullary esasly sebäplere görä bäş iş gününiň dowamynda geçirip ýetişmedik halatynda, kazy satyn alyjynyň arzasy boýunça ol möhleti ýene-de on gün möhlete çenli uzaldyp biler.»;

soňky sözlemi şu görnüşde beýan etmeli:«Emlägi alyjy tarapyndan ähli pul möçberi tölenenden soň kazyýet ýerine ýetirijisi bolup geçen söwda hakynda ykrarnamany tassyklamak barada kaza teklip berýär.»;

ikinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«21. Bolup geçen söwda baradaky ykrarnamany tassyklamak hakyndaky kazynyň kesgitnamasyna hususy şikaýat we teklipnama getirilip bilner. Kesgitnamanyň we ykrarnamanyň nusgalary emlägi satyn alana berilýär, olar bolsa satyn alnan emlägi bellenen tertipde bellige almak üçin esasdyr.»;

üçünji bölekde «bäş günüň dowamynda» diýen sözleri «bellenen möhletde» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 97-nji maddanyň mazmunynda «we bergidaryň» diýen sözleri aýyrmaly, «bergidaryň debitoryny» diýen sözlerden soň «bergisiniň hasabyna» diýen sözleri goşmaly;

12) 101-nji maddanyň bäşinji bölegine şu mazmunly sözlemi goşmaly: «Şunda aliment bilen bagly tutumlar salgytlar we ýerli ýygymlar tutulandan soň galan möçberinden hasaplanylýar.»;

13) 113-nji maddanyň üçünji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«31. Eger ýaşaýyş jaýyndan çykarylandan soň üç ýylyň dowamynda bergidar ýerine ýetiriş resminamasynda görkezilen ýaşaýyş jaýyna gaýtadan ýaşamak maksady bilen giren bolsa, algydaryň arzasy esasynda uly kazyýet ýerine ýetirijisi ýa-da şol kazyýetiň kazysy tarapyndan kazyýet ýerine ýetirijiniň ýerine ýetiriş önümçiligi bes etmek hakynda karary ýatyrylyp, ýerine ýetiriş önümçiligi dikeldilip bilner. Bu ýagdaýda kazyýet ýerine ýetirijisi bergidary ýaşaýyş jaýyndan gaýtadan çykarýar, şeýle hem ol barada administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzýär we teswirnamany kazyýete berýär.»;

14) 114-nji maddada:

birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Ýaşaýyş jaýyna girizmek kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan ýerine ýetiriş resminamasynda görkezilen ýaşaýyş jaýyna algydaryň päsgelçiliksiz girmeginiň we ýaşamagynyň üpjün edilmegini öz içine alýar.»;

şu mazmunly bölekleri goşmaly:

«4. Eger ýaşaýyş jaýyna girizilenden soň üç ýylyň dowamynda bergidar algydaryň ýerine ýetiriş resminamasynda görkezilen ýaşaýyş jaýynda ýaşamagyna (bolmagyna) gaýtadan päsgelçilik döredýän bolsa, algydaryň arzasy esasynda uly kazyýet ýerine ýetirijisi ýa-da şol kazyýetiň kazysy tarapyndan kazyýet ýerine ýetirijiniň ýerine ýetiriş önümçiligi bes etmek hakynda karary ýatyrylyp, ýerine ýetiriş önümçiligi dikeldilip bilner. Bu ýagdaýda kazyýet ýerine ýetirijisi gaýtadan ýaşaýyş jaýyna algydaryň girizilmegini üpjün edýär, şeýle hem bergidar barada administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzýär we teswirnamany kazyýete berýär.

5. Eger algydaryň ýerine ýetiriş resminamasynda görkezilen ýaşaýyş jaýynda ýaşamagyna (bolmagyna) päsgelçilik şol jaýda ýaşaýan beýleki adamlar tarapyndan döredilýän bolsa, ýerine ýetiriş önümçiligi dikeldilmäge degişli däldir. Bu ýagdaýda algydaryň ýaşaýyş jaýyna girizmek meselesine kazyýet tertibinde seredilýär.».

7. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Kazyýet-bilermenlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 138-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2021 ý., № 1, 14-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) 12-nji maddasynyň dokuzynjy böleginiň 1-nji bendini aýyrmaly we 2-5-nji bentleri degişlilikde 1-4-nji bentler diýip hasap etmeli.

8. 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 96-njy madda; 2018 ý., № 2, 34-nji madda; 2020 ý., № 1, 7-nji madda; 2021 ý., № 1, 24-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 151-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda):

1) 1-nji maddanyň 9-njy bendinde, 3-nji maddanyň 2-nji bendinde «ählihalk sala salşygynda» diýen sözleri «sala salşykda» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 7-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«11) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;»;

3) 8-nji maddanyň ikinji böleginiň 3-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«31) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;»;

4) 11-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«111-nji madda. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak üçin kabul edilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary kadalaşdyryjy hukuk namalary bolup durýar.»;

5) 13-nji maddanyň mazmunynda «Konstitusiýanyň we kanunlaryň» diýen sözleri «Konstitusiýanyň, kanunlaryň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 14-nji, 15-nji we 17-nji maddalaryň mazmunynda «kanunlaryň,» diýen sözden soň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlarynyň,» diýen sözleri goşmaly;

7) 16-njy maddanyň mazmunynda «kanunlaryň we» diýen sözleri «kanunlaryň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlarynyň we» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 24-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kanun çykaryjylyk başlangyjy tertibinde taýýarlanýan kanunlaryň taslamalarynyň işläp taýýarlaýjysy Türkmenistanyň Halk Maslahatydyr.»;

9) 27-nji maddada:

birinji bölekde:

üçünji tesimde «we baş harp bilen başlanýan» diýen sözleri we ikinji sözlemi aýyrmaly;

dördünji tesimiň ikinji sözleminde «böleklerden» we «olar özüne» diýen sözlerden soň degişlilikde «we bentlerden» we «degişlilikde» diýen sözleri goşmaly;

altynjy bölegiň birinji tesiminiň ikinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli: «Kadalaşdyryjy hukuk namasynda adalgalar we düşünjeler döwlet dilinde türkmen elipbiýi tertibinde ýa-da kadalaşdyryjy hukuk namasynyň mazmunyny açmak üçin ähmiýetliligi boýunça ýerleşdirilýär.»;

10) 28-nji maddada:

birinji bölekde «ygtyýarlylyklary» diýen sözi «ygtyýarlyklary» diýen söze çalşyrmaly;

ikinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«21. Kadalaşdyryjy hukuk namanyň ady onuň düzgünleşdirýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryna laýyk gelmelidir.»;

üçünji bölegiň birinji tesiminde «düzgünleri» diýen sözden soň «yzygiderli we» diýen sözleri goşmaly;

bäşinji bölegiň ikinji tesimine şu mazmunly sözlemi goşmaly:«Şunda ylalaşyk ýazgysy kadalaşdyryjy hukuk namanyň kabul edilen gününden başlap iki iş gününiň dowamynda goýulýar.»;

11) 29-njy maddanyň bäşinji böleginiň soňky tesiminde «namalaryna» diýen sözden soň «(Türkmenistanyň Mejlisiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlaryndan başga)» diýen sözleri goşmaly;

12) 30-njy maddada:

üçünji bölekde:

birinji tesimde «taslamasynyň» diýen sözi aýyrmaly, «senesi» diýen sözden soň «(Türkmenistanyň Mejlisiniň kadalaşdyryjy hukuk kararynyň ýazgysynda bolsa bellige alnan belgisi hem)» diýen sözleri goşmaly;

ikinji tesimde «taslamasynyň» diýen sözi aýyrmaly;

sekizinji bölekde:

birinji tesimde «edilýär» diýen sözden soň «, ol bolsa öň hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namanyň hereketiniň bes edilmegine eltýär» diýen sözleri goşmaly;

ikinji tesimde «bölek» diýen sözden soň «, bent» diýen sözi goşmaly;

13) 31-nji maddanyň dördünji böleginde:

birinji tesimde «taslamasynyň» diýen sözi aýyrmaly, «senesi» diýen sözden soň «(Türkmenistanyň Mejlisiniň kadalaşdyryjy hukuk kararynyň ýazgysynda bolsa bellige alnan belgisi hem), görnüşi» diýen sözleri goşmaly;

ikinji tesimde «taslamasynyň» diýen sözi aýyrmaly, «alnan belgisi,» diýen sözlerden soň «görnüşi,» diýen sözi goşmaly;

14) 33-nji maddada:

adynda «çagyrylmagy» diýen sözi «alynmagy» diýen söze çalşyrmaly.

bäşinji bölekde:

«Türkmenistanyň Prezidenti,» diýen sözlerden soň «Türkmenistanyň Halk Maslahaty,» diýen sözleri goşmaly;

15) 34-nji maddada:

dördünji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesi Türkmenistanyň adalat edaralary, Türkmenistanyň prokuratura edaralary, beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde geçirilýär.»;

bäşinji bölekde:

«ekologik howpsuzlyga» we «ekologik bilermenler seljermesine» diýen sözleri degişlilikde «ekologiýa howpsuzlygyna» we «ekologiýa seljermesine» diýen sözlere çalşyrmaly;

şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň ekologiýa seljermesi ekologiýa seljermesi babatda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertipde geçirilýär.»;

16) 36-njy maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Ygtyýarly edaranyň kadalaşdyryjy hukuk namasyny kabul etmäge ygtyýarlylygy onuň hukuk ýagdaýyny we ygtyýarlyklaryny kesgitleýän hem-de onuň işi bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namasyna, şeýle hem beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen ygtyýarlyklaryna laýyklykda kesgitlenilýär.»;

17) 37-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«11) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy;»;

18) 38-nji maddanyň ikinji böleginde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna» diýen sözleri «Konstitusiýa we kanunlara» diýen sözlere çalşyrmaly;

19) 39-njy maddanyň üçünji böleginde «ol güýje girenden soň» diýen sözleri aýyrmaly;

20) 42-nji maddanyň üçünji böleginiň 2-nji bendinde «kodeksler, kanunlar,» diýen sözlerden soň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary,» diýen sözleri goşmaly.

21) 46-njy maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly bendi goşmaly:

«5) namanyň ýa-da onuň böleginiň (bölekleriniň) rejelenen görnüşde kabul edilmegi.»;

22) 50-nji maddanyň üçünji böleginde «beýlekiler» diýen sözi «beýleki şahslar» diýen sözlere çalşyrmaly;

23) 54-nji maddada:

adynda «we olara bildirilýän talaplar» diýen sözleri goşmaly;

mazmunyny «1.» san bilen belgilemeli we şu mazmunly bölegi goşmaly:

«2. Şu Kanunda kadalaşdyryjy hukuk namasynyň gurluşyna, mazmunyna we ýazgysynyň beýan edilişine bildirilýän talaplar kadalaşdyryjy däl hukuk namalaryna hem degişlidir.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 25-nji noýabry.