Ï Balkanly nakgaşlaryň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkanly nakgaşlaryň sergisi

view-icon 3201
Balkanly nakgaşlaryň sergisi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Heniz lebaply nakgaşlaryň döredijiliginden galan täsirler ýatdan çykmanka, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezi balkanly nakgaşlaryň eserleriniň sergisini gurady. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinden nakgaşlara, ýagny her nakgaşa aýry-aýrylykda eserlerini görkezmäge mümkinçilik döretdi.

Balkan welaýatynyň ýerleşýän ýeri juda gözel bolansoň, hyýalyňda tebigatyň gözellikleri agdyklyk eder diýen pikir döreýär. Emma welin, 31 nakgaşyň döreden 300-den gowrak işi görkezilýän sergide, ilki bilen, portretler tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Hatyja Amansähedowa sergä üýtgeşik usulda çekilen «Awtoportretini» hödürläpdir. Onda nakgaş ýaş zenanyň keşbi şekillendirilen. Hatyjanyň gara köýneginiň aşakgy böleginiň doly çekilmändigini bellemek gerek. Ol bir tarapdan, dörediji şahsyýetiň Zemin üsti gaýmalap ýörendigini, beýleki bir tarapdan, nakgaş zenanyň köňlünde şekillendirilerine garaşýan ençeme ýordumlarynyň bardygyny aňladýar.

Bu nakgaşyň «Söhbet» suraty hem özboluşly çykypdyr. Beýan edilýän suratda söhbetdeşleriň birini sport köwüşli, beýlekisiniňem barmaklary göze ilýär. Surata bakyp ýylgyranyňy duýman galýarsyň.

Nury Halmämmedowyň mawy asman astyndaky portreti has üýtgeşik görünýär. Onuň awtory Amangeldi Hydyrow kompozitory oýa batan şekilde suratlandyrypdyr. Suratdan tämizlik, päkizelik, belki-de täze saz eseriniň döreýän pursady görünýär.

Nakgaş Ýolmämmet Annaýew Magtymguly Pyragynyň portretini düýpgöter saýry usulda çekip, dana şahyry gara reňkiň öňünde şekillendiripdir. Magtymgulynyň duw-ak sellesi we nurana keşbi biri-birine çaprazlygy bilen suraty beýlekilerden saýlady. Galyberse-de, nakgaş Magtymgulyny Aýhan Hajyýewiň kanoniki portretine meňzetmändir-de, hoşamaý ýigit, ýöne gaty tanyş keşpde beýan edipdir.

Mähriban Begenjowa «Üç dost» we «Doglan gün» ýaly suratlarynyň ikisinde-de çagalyk döwri temasyny gowy beýan edipdir. Olaryň birinjisinde, oglanlaryň arasynda doganlyk dostlugyny we raýdaşlygy duýulýan bolsa, ikinjisinde, çagalaryň dostlaryndan biriniň doglan gününi çaý bilen bellenilişiniň şatlygy duýulýar.

Elbetde, tebigatyň gözellikleri eserleriň arasynda uly orun tutupdyr.

Amangeldi Hydyrowyň «Magtymguly Pyragy» atly suratynda Magtymgulynyň keşbine juda meňzeş dag suduryny şekillendirilipdir. Bu dag Magtymguly etrabyna baryp görenlerde bu ýeriň gözel ýerleriniň biri hökmünde ýadynda galýar.

Döwran Hydyrow Magtymgulynyň dogduk obasy Gerkezi ýokardan şekillendiripdir. Nakgaş sergide zyýaratçylaryň ýagşy dilegler bilen gelýän ýeri bolan «Gözli ata» suratyny sergä hödürledi. Deňzi şekillendirýän işleriň arasynda Näzmämmet Satlykgulyýewiň «Deňiz tolkuny» suraty täsirliligi bilen ýatda galýar.

Gülälek Edemowa sergä özboluşly gobelenleriň birnäçesini hödürledi. Olardan «Gülli güldan» natýurmorty we «Ajap görnüş» manzarasy saýry çykypdyr. Gurbandurdy Tekäýew goýun derilerinden ýasalan «Türkmenleriň durmuşyndan» atly suratlaryny görkezdi.

Balkanly nakgaşlaryň işleriniň arasynda grafika işleri, heýkeller, şaý-sepler we keramiki önümler hem bar, olara syn edenler ýurdumyzyň günbatar sebitinde şekillendiriş sungatynyň ösüşi barada doly düşünje aldylar.