Ï Türkmen talyplary daşary ýurt dili hökmünde rus dili boýunça IV halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary daşary ýurt dili hökmünde rus dili boýunça IV halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler

view-icon 4531
Türkmen talyplary daşary ýurt dili hökmünde rus dili boýunça IV halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanly talyplar Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň guran daşary ýurt dili hökmünde rus dili boýunça geçirilen IV halkara onlaýn olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary baýrakly orunlaryň onusyny eýelediler. Olardan 7-si ýurdumyzyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplaryna gowşuryldy. Olimpiadanyň jemi boýunça şu institutyň talyby Artýom Klýuýew ýeňiji diýlip yglan edildi. Bäsleşikde ikinji orny Mariýa Hanowa, Diana Dallakýan, Arslan Mämmedow we Anžela Gurbanowa, üçünji orny Aýlar Çerkezowa bilen Aýgül Allanowa dagy eýelediler.

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary baýrakly orunlaryň üçüsine mynasyp boldular. Ýagny, Altynaý Myradowa 1-nji orny, Läle Rzagulyýewa 2-nji orny we Medine Sopytaganowa 3-nji orny eýeledi.

Olimpiada iki tapgyrda geçirildi. Synag görnüşinde geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşyjylara rus diliniň leksikasy we grammatikasy boýunça meseleler berildi. Olimpiadada, şeýle hem talyplaryň okamak ýa-da okalan tekstiň esasy manysyna, ýordumyna we detallaryna düşünmek ukybyny, şeýle hem ony düşündirmek ukybyny barlamak üçin döredilen okamak we diňlemek boýunça meseleler bardy.

Bu ýylky bäsleşige 8770 talyp gatnaşdy, bu geçen ýyldakydan 43% köpdür. Daşary ýurt dili hökmünde rus dilinde olimpiadany uniwersitet 2018-nji ýyldan bäri her ýyl geçirýär. Olimpiadalara dünýäniň 150-den gowrak ýurdundan 27000-den artyk talyp gatnaşdy.

Russiýanyň bu uniwersitetiniň saýtynda bellenilişi ýaly, olimpiada oňa gatnaşyjylara rus dilini biliş derejesini ýokarlandyrmaga, kitaplardan alan bilimlerini iş ýüzünde ulanmaga, öz taýýarlygyny we ukybyny görkezmäge hem-de öz güýjüne ynam döretmäge, Russiýanyň durmuşy, rus medeniýeti we taryhy barada has köp bilmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, Olimpiadanyň ýeňijilerine we onda baýrakly orunlary eýelänlere Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetine okuwa girmek üçin goşmaça ballar, şeýle hem daşary ýurt dili hökmünde rus dili boýunça mugt döwlet synaglaryna (RDDDHS) wauçer we Russiýanyň bu esasy uniwersitetiň beýleki baýraklary berilýär. RDDDHS-y üstünlikli tabşyranlara halkara derejesinde ykrar edilen döwlet şahadatnamasy berilýär. Ol rus dilini biliş derejesini tassyklaýan ýeke-täk resminamadyr.

Bäsleşigiň guramaçylary olimpiadanyň diňe dünýäniň dürli künjeginden talyplara öz bilimini barlamaga kömek etmän, eýsem, oňyn täsirli boljakdygyna ynam bildirdiler. Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň wekilleri Lew Tolstoýyň we Fýodor Dostoýewskiniň beýik dilini öwrenýänleriň hemmesine minnetdarlyk bildirip, olimpiadanyň oňa gatnaşyjylara rus diliniň näderejede baýdygyna, täsirlidigine we özüne çekijidigine ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar.