Ï Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda howa birden sowar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda howa birden sowar

view-icon 2740
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda howa birden sowar

Ýurdumyzda hepdäniň başynda maýyl bolandygyna garamazdan, dynç günleri golaýlaşdygyça howanyň birden peselmegine garaşylýar. Howa gündizlerine ortaça +12 gradus bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +19… +21, gijelerine +9… +11 gradus bolar diýlip çaklanylýar. Hepdäniň ortasyndan başlap howa gündizlerine +10 , gijelerine +4 gradusa çenli peselip başlar. Az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Dynç günleri gije howa - 2 gradusa çenli sowar.

Ahal welaýatda bulutly howa bolup, howa gündizlerine +17… +22, gijelerine + 8… + 13 gradus bolar. Howa dynç günlerine golaý gijelerine + 1 gradusa çenli peseler.

Balkan welaýatynda howa gündizlerine + 19… +20, gijelerine + 9… +5 gradus bolar. Ýekşenbe gijesi howa + 1 gradusa çenli pese düşer. Kä ýerde ýagyş ýagmagy mümkin.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +10… +15, gijelerine +5… +10 gradus bolar diýlip çaklanylýar.

Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, howa gündizlerine +14… +19, gijelerine +4… +9 gradus bolar. Howa hepdäniň ahyrynda gije -3 gradusa çenli sowar.

Daşoguz welaýatynda aýazly howanyň bolmagyna garaşylýar. Howa gündizlerine +16 gradus bolar. Howa hepdäniň ortasyndan gündizlerine + 4… –1, dynç günleri gijelerine –4… + 1 gradus bolar.