Ï Daşoguzda howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça aň-paýhas bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça aň-paýhas bäsleşigi geçirildi

view-icon 3929
Daşoguzda howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça aň-paýhas bäsleşigi geçirildi

Bäsleşige Türkmen oba hojalyk institutynyň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň wekillerinden, S.Türkmenbaşy adyndaky we Ruhubelent etraplarynyň häkimlikleriniň wekillerinden, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryň işgärlerinden we raýat jemgyýetiniň wekillerinden ybarat 8 topar gatnaşdy.

Oňa gatnaşanlar Daşoguz welaýatynyň goralýan tebigy ýerleri, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikler we haýwanlar, daşky gurşawa antropogen täsiriň netijeleri barada bilimlerini görkezdiler.

Bäsleşik Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Aral deňziniň töwereginde ýer serişdelerini hem-de ýokary tebigy gymmatly ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Ol ýaşlaryň arasynda daşky gurşaw meseleleri boýunça habardarlygy ýokarlandyrmaga, ýaş nesli daşky gurşawy goramak işine işjeň gatnaşmaga höweslendirmäge gönükdirildi.

Netijede, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň topary ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.