Ï S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa boýunça halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa boýunça halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi

view-icon 2811
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa boýunça halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen ekologiýa boýunça açyk halkara internet olimpiadanyň netijeleri yglan edildi.

Olimpiadanyň jemleýji netijelerine görä, 160 gatnaşyjy baýrakly orunlara mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan 19 talybyň 14-si ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleridir.

Birinji orny Orazgeldi Hallyýew, Allanazar Çerkezow (S.A.Nyýazow adyndaky TOHU), Bähbit Orazow (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty), Jemşit Beghanow, Söwer Serdarow (Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti), Guwanç Ýoldaşew, Lumanhekim Garajaýew (Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy), Sapargeldi Guwanjew (Magtymguly adyndaky TDU), Muhammetaly Atabaýew, Ysmaýyl Nurmuhammedow (M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti), Aýgözel Begençmuhammedowa (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Esmira Babajanowa (Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty), Kakajan Sapargulýew (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty) we Mekan Baýramow (Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty) eýelediler.

Şeýle hem Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinden bäş talyp – Olga Ýakimowa (I.Ý.Ýakowlew adyndaky Çuwaş döwlet mugallymçylyk uniwersiteti), Alina Makowa (N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižnyý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň Arzamas şahamçasy), Anna Trefilowa we Artýom Swiridow (Perm milli ylmy-barlag politehniki uniwersiteti) we Tatýana Soskaýa (Günorta federal uniwersitet) ýeňiş gazandylar.

Olimpiadanyň netijelerine görä, 56 talyba ikinji baýrak gowşuryldy. Olaryň 40-sy türkmen talyplaryna, 15-si russiýaly, belarusly, täjigistanly, azerbaýjanly we gazagystanly talyplara degişlidir. Emin agzalary ýene 85 talyba üçünji orny mynasyp gördüler. Olardan 55-si türkmen talyplary we 30-sy ýokarda ady agzalan daşary ýurtlaryň, şeýle hem Özbegistanyň we BAE-niň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleridir. 

Olimpiadanyň ýeňijileri we onda baýrakly orunlary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglanyldy. Umuman, olimpiada Ukraina, Indoneziýa, Ýaponiýa, Hytaý, Türkiýe, ABŞ, Taýland, Filippinler we Bangladeş ýaly ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde bäş ýüze golaý talyp gatnaşdy. Olimpiadanyň guramaçylyk komiteti türkmenistanly talyplaryň we daşary ýurtlylaryň toparlarynyň gazanan gowy netijelerini belläp geçdi. Ýaşlaryň zehinine, başarnygyna we döredijilik ukybyna ýokary baha berildi.

Şeýle hem onuň guramaçylary bu olimpiadanyň talyplaryň ekologiýa we ylmy barlaglara höwesiniň ýokarlanmagyna, ýaşlaryň arasynda ekologiýa sowatlylygynyň ösmegine, şeýle hem ylym we bilim ulgamynda Türkmenistanyň hem daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.