Ï Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda halkara maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda halkara maslahat geçirildi

view-icon 4049
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda halkara maslahat geçirildi

14-15-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Türkmenistanda energiýa netijeliligi: gazanylan üstünlikler we geljek» atly halkara konferensiýa geçirildi.

Bu çärä Türkmenistandan, Ýewropa Bileleşiginden (ÝB), Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan pudak bilermenleri, energiýa syýasaty boýunça ýörite hünärmenler, halkara guramalaryň we maliýe guramalarynyň gyzyklanýan wekilleri, şu ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynda ýeten sepgitleri, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda energiýa tygşytlama boýunça alnyp barylýan giňişleýin işler barada çykyşlar boldy we bu işiň zerurlygy hem ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşanlar energiýa netijeliligi we gaýtadan dikeldip bolýan energiýa çeşmeleri pudagynda maksatly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylan gymmatly tejribelerini alyşdylar.

Energetika howpsuzlygyny gazanmagyň Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlaryň biridigi nygtaldy. Sebäbi, bu ýerde munuň üçin uly mümkinçilikler döredilipdir we ýaşyl ykdysadyýetiň ösmegi hem täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy üçin ýeterlik mümkinçilikler bar.

Maslahat Ýewropa Bileleşigi tarapyndan «Merkezi Aziýada durnukly energetika baglanyşyklary» (SECCA) taslamasynyň çäginde BMGÖM-üň «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabat we Awazadaky ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» taslamasy, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Mary welaýat häkimligi bilen bilelikde ýola goýuldy.

Bu çäre Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak, bilelikdäki işleriň gazanylan netijelerini gözden geçirmek hem degişli ugurlardaky taslamalary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2023-nji ýylda Durnukly energetika günleriniň çäginde geçirildi.