Ï Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça duşuşyklar geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça duşuşyklar geçirilýär

view-icon 4727
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça duşuşyklar geçirilýär

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän «Kitap – paýhas çeşmesi» atly kitap klubynyň çäginde Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) boýunça duşuşyklar dowam edýär.

Nobatdaky duşuşyk 5-nji maksada – «Gender deňligine ýetmek we ähli aýal-gyzlaryň hukuklaryny hem mümkinçiliklerini artdyrmak» atly tema bagyşlandy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde guralan bu çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

BMGÖM hünärmenleri çärä gatnaşanlary aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmaga, gender deňligini üpjün etmäge gönükdirilen global başlangyçlar bilen tanyşdyrdylar.

Talyplaryň arasynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilýän duşuşyklar ýaşlary DÖM-e ýetmegiň ýollary bilen tanyşdyrmaga, BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanda meýilleşdirilýän maksatnama barada bilimlerini artdyrmaga gönükdirilendir.