Ï Türkmenistanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 14 ders boýunça geçirilen olimpiadanyň netijeleri jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 14 ders boýunça geçirilen olimpiadanyň netijeleri jemlendi

view-icon 4845
Türkmenistanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 14 ders boýunça geçirilen olimpiadanyň netijeleri jemlendi

Türkmenistanda Bilim ministrliginiň goldawy bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilýän olimpiadanyň netijeleri jemlendi.

14–16-njy dekabrda geçirilen ýaryşlara Türkmenistanyň 26 ýokary okuw mekdebiniň hemmesiniň talyplary gatnaşdy. Olimpiada ýokary bilim maksatnamalarynyň esasy okuw dersleri boýunça guraldy. Talyp olimpiadasy 14 ders, hususan-da, Türkmenistanyň taryhy, türkmen, rus we iňlis dilleri, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, ykdysadyýet, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, inženerçilik grafikasy, nazary mehanika, jisim garşylygy we ekologiýa boýunça geçirildi.

Ähli ýaryşlaryň jemleýji netijeleri boýunça jemi 83 ýeňiji yglan edildi. Ýeňijileriň sanyna görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň öňe saýlanandygyny bellemelidiris. Onuň talyplary mowzuky olimpiadada 16 sany birinji orny eýeledi.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bäsleşiklerde gazanan ikinji ýerleriniň sany bilen tapawutlandy. Bu mekdebiň talyplary 21 sany ikinji orny eýelediler. Umuman, olimpiadanyň netijeleri boýunça 167 sany kümüş medalyň eýesi kesgitlendi.

Bäsleşige gatnaşanlara 210 sany üçünji baýrakly orun berildi. Üçünji hatarda 6 ýokary okuw mekdebi: S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty has degerli netije görkezdi. Bu ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 14-15-den üçünji orny eýelediler.

Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakçylary degişli derejeli diplomlar bilen sylaglandy. Olimpiadada baýrakly ýerlere mynasyp bolan talyplary örän gowy taýýarlandyklary üçin bu okuw jaýlarynyň mugallymlaryna hormat hatlary gowşuryldy.

Mowzuky olimpiada talyplaryň taýýarlyk we bilim derejesine gözegçilik etmek, has zehinli we ylyma berlen talyplary ýüze çykarmak, ýaşlaryň tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary mundan beýläk-de öwrenmäge, dürli ugurlardaky ylmy-barlag işlerini, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky özara ylym we bilim gatnaşyklaryny, şol sanda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly gatnaşyklaryny-da giňeltmäge bolan gyzyklanmasyny höweslendirmek we ösdürmek maksady bilen geçirildi.