Ï Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda DÖM-i durmuşa geçirmegiň netijeleri we wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda DÖM-i durmuşa geçirmegiň netijeleri we wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 3852
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda DÖM-i durmuşa geçirmegiň netijeleri we wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) bagyşlanan okuw- usulyýet maslahatlary geçirildi.

Çärelere bu ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Bilelikdäki duşuşyklar institutyň amaly mehanika bölümi tarapyndan guraldy. Olardan «Parahatçylyk we ynanyşma halkara hyzmatdaşlygyň ösmegi üçin möhüm şertdir» diýlip atlandyrylan bir duşuşyk DÖM 17-ä (maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk) bagyşlandy. Duşuşyga gatnaşanlar diňleýjileriň dykgatyna birnäçe çykyşlary hödürlediler. Çykyşlarda Türkmenistanyň umumy bähbitlere, deňlik ýörelgelerine, parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan halkara jemgyýetçiligindäki orny, dünýä ýurtlary bilen oňyn we dostlukly gatnaşyklary barada gürrüň edildi. 

Institutda DÖM 14 (deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamak) temasyndan «Türkmenistan: Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýoly» atly maslahat hem geçirildi. Onuň çäginde deňiz ekoulgamynyň weýran bolmagynyň sebäplerini we netijelerini, olary goramagyň ähmiýetini we bu ugurda goýlan esasy wezipeleri beýan edýän çykyşlar boldy.

DÖM 16-a (parahatçylyk, adalat we täsirli guramalar) bagyşlanan «Netijeli edaralar durnukly ösüşiň kepilidir» şygary bilen okuw-usulyýet maslahaty institutyň dil bölümi tarapyndan geçirildi. Oňa gatnaşanlar türkmen tarapy we halkara guramalar tarapyndan bilelikde alnyp barylýan aň-bilim işleriniň hem jemgyýetçilik çäreleriň ähmiýetini bellediler.

Maslahatlaryň dowamynda işleriň netijeleri we ösüş mümkinçiligi, BMG-niň DÖM-ini durmuşa geçirmek boýunça mundan beýläkki meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Wekiller türkmen ýaşlarynyň DÖM-e ýetmäge goşan aýratyn goşandyny, institutda we tutuş ýurtda bu ugurda görnükli üstünliklerini bellediler.

DÖM-i durmuşa geçirmekde görülýän çäreleriň we ädimleriň netijeliligine şu ýyl sekiz sany türkmen ýokary okuw mekdebiniň «Times Higher Education» (THE) atly iňlis guramasynyň garaşsyz halkara bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolmagy we BMG-niň 17 DÖM-ine ýetmekde dünýä uniwersitetlerine baha berýän «The Impact Ranking-2023» dünýä reýtingine ynam bilen girmegi-de şaýatlyk edýär. Bu abraýly reýtingiň sanawyndaky Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem bar.

2023-nji ýylda dünýäniň 112 ýurdundan, takmynan, 1600 sany ýokary okuw mekdebiniň «THE Impact Rankings» reýtingine gatnaşandygyny bellemelidiris.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry dünýäde ählumumy parahatlygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge iň ýokary derejede ýardam etmekdir, şol sanda BMG tarapyndan düzülip, umumy dünýä ähmiýetine eýe bolan we dünýä ýurtlarynda sosial hem ykdysady ösüşi ýokarlandyrmaga gönükdirilen 17 DÖM-e yzygiderli ýetmekdir.