Ï Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

view-icon 4728
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti we Türkmen oba hojalyk instituty Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýärler.

Şu aýda S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da Moskwa döwlet geodeziýa we kartografiýa uniwersitetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet hasaba alyş, kadastr we kartografiýa Federal gullugynyň wekilleri saparda boldular. Duşuşyga Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti we Türkmen oba hojalyk instituty «Ýer gurluşygy we kadastrlar» ugry boýunça hünärmenleri taýýarlaýar.

Şu ugur boýunça hünärmen taýýarlaýan Moskwa döwlet geodeziýa we kartografiýa uniwersiteti GDA ýurtlarynda geodeziýa, kartografiýa, kadastr we uzakdan zondlamak boýunça esasy bilim merkezi hökmünde ykrar edilendir.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen we rus ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň geljegi giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Netijeli işleşmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellendi. Duşuşygyň dowamynda ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilen degişli ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda hünärmenleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, şeýle hem bilelikdäki maksatly çäreleri geçirmek boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlendi.

Häzirki wagtda ýurtda oba hojalygyny tehnika we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak meseleleriniň «2019 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ýörelgesiniň» çäginde innowasiýa esasynda çözülýändigi, Döwlet ýer kadastrlarynyň bitewi maglumat ulgamyny işe girizmek boýunça iş alnyp barylýandygy nygtaldy. Bu ugurda daşary ýurtlaryň ökde hünärmenleri taýýarlamak tejribesi işjeň öwrenilýär we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirilýär.

Myhmanlar uly gyzyklanma bilen S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň synp otaglaryna, «John Deere», «Claas» bilim merkezlerine, ýyladyşhana toplumyna, haýwanat dünýäsi muzeýine baryp gördüler we uniwersitetiň alyp barýan bilim hem gözleg işleri bilen tanyşdylar.

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da Russiýadan gelen myhmanlara ýakyn wagtda Arkadag şäherinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň we degişli ylmy-önümçilik synag meýdançalarynyň, ýyladyşhanalar toplumynyň, tejribe meýdançalarynyň, şeýle hem ýöriteleşdirilen YBI-leriniň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigi buýsanç bilen habar berildi.

Hyzmatdaşlyk mowzugyny dowam etdirip, ylym we bilim pudagynda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ikitaraplaýyn ymtylyşyň rus ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçirilýän olimpiadalara has işjeň gatnaşmagynda ýüze çykýandygy-da bellendi.

Şu ýyl I.Ýakowlew adyndaky Çuwaş döwlet pedagogika uniwersitetiniň, Perm milli gözleg politehniki uniwersitetiniň, Günorta Federal uniwersitetiniň, N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižegorod döwlet uniwersitetiniň Arzamas bölüminiň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky TOHU tarapyndan guralan ekologiýa boýunça olimpiada gatnaşyp, ajaýyp netijeler görkezdiler.

Türkmen oba hojalyk institutynyň inženerçilik we kompýuter grafikasy boýunça ýakynda geçiren olimpiadasynyň ýeňijileriniň arasynda D.F.Ustinow adyndaky «VOENMEH» Baltika döwlet tehniki uniwersitetiniň, Russiýanyň Döwlet oba hojalyk uniwersiteti – Moskwanyň K.A.Timirýazew adyndaky oba hojalyk akademiýasynyň, A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli gözleg tehniki uniwersitetiniň, akademik M.F.Reşetnew adyndaky Sibir döwlet ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň we Russiýanyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bardy.

Şu ýyl S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen V.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk barada şertnama gol çekildi. Bu rus ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersiteti hem gol çekdi.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn şertnamalaryň çäginde bilim seminarlaryny guramak, ylmy we amaly maslahatlar hem gözlegler geçirmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek we güýçlendirmek meýilleşdirilýär. Ýokary okuw mekdepler birek-biregi akademiki çärelere gatnaşmaga, ylmy makalalary we neşirleri, okuw hem usulyýet esbaplaryny we okuw meýilnamalaryny alyşmaga çagyrarlar. Bilim, ylym we innowasiýa pudagyndaky bilelikdäki işler iki dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň özara gatnaşyklaryna täze itergi berer, şeýle hem Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşar.