Ï Türkmenistanyň talyplary Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine okamaga çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň talyplary Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine okamaga çagyrylýar

view-icon 4805

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr maksatnamalary boýunça okamak üçin dalaşgärleri seçip almagyň başlanandygy barada yglan etdi. Seçip alyş ýurdumyzyň umumy orta, orta hünär we ýokary bilimi bolan raýatlarynyň arasynda geçirilýär. 

Haýyşnamalar 2024-nji ýylyň 3-nji-10-njy ýanwary aralygynda resminamalary kabul etmek boýunça Ýörite topar tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär. 

Ozal ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2024-2025-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine türkmen ýaşlaryny okuwa ibermegiň meseleleri boýunça döwlet Baştutanymyza hasabat beripdi. 

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ylym-bilim ulgamynda we IT-tehnologiýalar, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we terbiýeçilik ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik ylymlary, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýär. 

Hünärleriň sanawy, býujet orunlaryň sany, Hytaýda okamagyň we ýaşamagyň şertleri baradaky giňişleýin maglumatlar haýyşnamalar tabşyrylanda berler. 

Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama hereket edýär. Şonuň çäklerinde Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň uçurymy Suý Szýasin öz okan ýokary okuw mekdebinde türkmen dilinden sapak bermek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranturasynda maksatlaýyn okuw bermegi meýilleşdirýär. 

Mundan başga-da, Suý Szýasin roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň türkmen talyplaryny hytaý dili we edebiýaty dersinden okatmak bilen, «Hytaý dünýäsiniň türkmen edebiýatynda çeper beýany» atly ylmy işini ýazmagy maksat edinýär.