Ï Türkmenistan we Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

view-icon 6246
Türkmenistan we Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi (Center For Language Education And Cooperation – CLEC) Türkmenistanda hytaý dilini okatjak mugallymlary hünär taýdan taýýarlamaga ýardam berer.

Hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli ylalaşyga Merkez Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen gol çekdi.

Resminamalara geçen ýylyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasary Sun Ýaonyň ýolbaşçylygyndaky Hytaýyň wekiliýetiniň Aşgabada bolan iş saparynyň barşynda gol çekildi. Türkmenistanyň paýtagtyndaky ikitaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde nygtalyşy ýaly, bilim ulgamynda Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli we netijeli ösüş häsiýetine eýedir. Munuň şeýledigine ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň köp sanly özara saparlary, bilelikdäki maslahatlar, okuw maslahatlary, forumlar hem-de sergiler şaýatlyk edýär.

Gol çekilen ylalaşyklaryň çäklerinde hytaý dilinde okadýan mugallymlary hünär taýdan taýýarlamak babatda gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmäge täze itergi berer. Bu ugurda hytaýly kärdeşleri hemmetaraplaýyn goldamak bilen baglylykda, işgärleri taýýarlamak ulgamyna öňdebaryjy usulyýetleri we hytaý dilini okatmagyň iş tejribesi bilelikde ara alnyp maslahatlaşylar we ornaşdyrylar, hünärmenleriň tejribeleri alşylar, zerurlygyna görä, Hytaýdan mugallymlary Türkmenistanyň hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerine ugratmak göz öňünde tutulýar.

Biziň ýurdumyzda hytaý dili barha meşhurlyga we isleg bildirilýän dile öwrülýär. Hytaý diliniň okadylmagy bilimiň dürli basgançaklarynda giňden ýaýrandyr, onuň öwrenilmegi ýurdumyzda geçirilýän okuwlarda isleg bildirýänleriň hemmesine elýeterlidir.

Türkmenistanda hytaý dilini okatmaga we hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berjek Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň (CLEC) täjirçilik däl bilim edarasydygyny hem-de HHR-iň Bilim ministrliginiň goldamagynda hereket edýändigini belläp geçmek gerek.