Ï Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika boýunça IV açyk olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika boýunça IV açyk olimpiada geçiriler

view-icon 5680
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika boýunça IV açyk olimpiada geçiriler

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYÖU) Türkmenistanyň hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek IV açyk matematika olimpiadasyna gatnaşjaklaryň arzalaryny kabul edip başlady.

Paýtagtymyzdaky uniwersitet matematika ugrundan okaýan, bu ders bilen gyzyklanýan we oňa höwes bildirýän ähli talyplary olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Oňa gatnaşmak üçin her ýokary okuw mekdebinden ýüz tutjaklaryň sany çäklendirilmeýär. Olimpiada HYYÖU-da şu ýylyň 3-nji martyndan 8-njy marty aralygynda geçiriler. Olimpiadanyň resmi dili türkmen we iňlis dilleridir. Matematika bäsleşiginiň çäginde şahsy we toparlaýyn ýaryşlar geçiriler.

Şahsy ýaryşlar oňa gatnaşýanlary «A» we «B» toparlara böler. «A» topar ýokary okuw mekdeplerde matematika we kompýuter ylymlary boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenendir. «B» topar başga ugurlar boýunça okaýan talyplary öz içine alar. Bäsdeşlere kynçylyk derejesi boýunça olimpiada gatnaşmak üçin beren arzasynda görkezen toparyna laýyk gelýän 6 mesele we olary çözmek üçin 240 minut (4 sagat) wagt teklip ediler.

Toparlaýyn ýaryşlara, hünärine bagly bolmazdan, hersi 4 adamdan köp bolmadyk talyp toparlary gatnaşar. Toparlara 120 minut wagtda (2 sagatda) çözmek üçin 10 tabşyryk berler.

Olimpiada gatnaşmak isleýänler guramaçy okuw jaýynyň resmi saýtynyň Akademiýa/Ýaryşlar bölüminde hasaba alynýar, şol ýerde-de olimpiadanyň jikme-jik rejenamasy we düzgünleri, bäsleşige gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň nusgalary, şeýle hem beýleki peýdaly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, goşmaça maglumatlary +993 65 80 99 06 belgili telefon we iuhdolympiads@gmail.com elektron poçta arkaly alyp bilersiňiz.

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda açyk matematika olimpiadasyny (Open Mathematical Olympiad for University Students OMOUS-2024) indi dördünji ýyl üstünlikli we netijeli geçirýär. Matematika boýunça halkara talyp bäsleşigini geçirmek olaryň bu ugurdaky taýýarlyk derejesine baha bermäge, has ukyply we zehinli talyplary ýüze çykarmaga, şeýle hem ýaşlaryň takyk ylymlary öwrenmäge we bu ugurda ylmy agtaryşlara bolan gyzyklanmasyna itergi bermäge mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda olimpiada geçirilýän döwründe ylym we bilim pudagyndaky gatnaşyklar ep-esli giňedi, hyzmatdaşlygyň ösmegine we oňyn netijeleriň gazanylmagyna goşant goşýan täze peýdaly aragatnaşyklar ýola goýuldy.