Her ýylyň 24-nji ýanwarynda dünýäniň ýurtlarynda Halkara bilim güni bellenilýär. Ol ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmakda bilimiň eýeleýän uly ornunyň hormatyna 2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararnamasy bilen yglan edildi.
Halkara bilim güni mynasybetli Türkmenistanda ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçiriler. Bäsleşikler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guralýar.
Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça olimpiadalar «Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar» diýen şygar astynda geçiriler.
Olimpiadalarda çykyş etmek isleýän ýokary synp okuwçylaryna hgi.charetm@gmail.com salgy boýunça çäräniň guramaçylyk toparyna şu ýylyň 20-nji martyna çenli gatnaşmak üçin haýyşnamalaryny ugratmagy zerurdyr. Olimpiadalara çakylyk bellige alnan okuwçylara olaryň haýyşnamalarynda görkezen elektron poçtalarynyň salgylaryna 3-nji aprele çenli ugradylar.
Mekdep okuwçylary üçin bäsleşikler onlaýn görnüşde bolar hem-de paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda apreliň dowamynda iki tapgyrda geçiriler. Olimpiadalaryň geçiş tertibi, gatnaşmak üçin haýyşnamalary ýazmagyň nusgasy hem-de beýleki peýdaly maglumatlar Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň www.iirmfa.edu.tm saýtynyň Bilim bölüminde ýerleşdirilendir.
Olimpiadalaryň I, II we III orunlaryna mynasyp bolan ýeňijileri we baýrak eýeleri, şeýle hem bäsleşiklerde ýokary netijeleri görkezen höweslendiriji orunlara mynasyp bolanlar Türkmenistanyň ýokary diplomatiýa mekdebiniň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda ýurduň DIM-niň HGI-de geçiriljek «Açyk gapylar» gününde sylaglanarlar.
Olimpiadalaryň geçirilmegi ýurduň ýaşlarynyň intellektual mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, mekdep okuwçylarynyň hünäre ugrukmaklaryna ýardam bermäge, olaryň zehinlerini ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary özbaşdak we başarnykly ulanmaga ukyply has zehinli okuwçylary ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, bäsleşikleriň geçirilmegi ýurtda sanly bilim ulgamyny ösdürmek maksatnamasyndaky hem-de Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň maksatnamasyndaky meýilnamalary durmuşa geçirmäge ýardam etmelidir.