Ï Arkadag şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

view-icon 3921
Arkadag şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Hemişelik bagtyň daňy atandyr, Şöhlesini şu güne saçan Pyragy» atly çäre geçirdi.

Çärä gatnaşýanlar çykyşlarynda bu möhüm wakanyň şanyna ýurdumuzda we daşary ýurtlarda dürli forumlaryň, maslahatlaryň, mowzuky duşuşyklaryň, tanyşdyrmalaryň we beýleki çäreleriň geçirilýändigini bellediler.

Duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Halkara sanawyna girizilmegi we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi nusgawy türkmen şahyrynyň döredijilik mirasynyň ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy.

Duşuşygyň bellenen mowzugyna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň edebi we pelsepewi mirasynyň öçmejek ähmiýetine köp üns berildi, çünki ol häzirem halk üçin ruhy we ahlak taýdan çelgi bolup, ýaş nesliň sazlaşykly terbiýesine goşant goşmagyny dowam etdirýär.