Ï «Ahal» toparynyň oýunçylary Antalýa okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» toparynyň oýunçylary Antalýa okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitdiler

view-icon 3847
«Ahal» toparynyň oýunçylary Antalýa okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitdiler

«Ahal» toparynyň oýunçylary Türkiýäniň Antalýa şäherine okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitdiler.

Serdar Geldiýewiň şägirtleri 2024-nji ýylyň 4-nji martynda başlanýan Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde Türkiýede birnäçe synag oýunlaryny geçirer. Olaryň biri 3-nji fewralda Kiýewiň «Obolon» topary bilen geçiriler.

«Obolon» FK 2013-nji ýylda döredildi. 2022/2023-nji ýylyň möwsüminde bu topar Ukrainanyň birinji ligasynda kümüş medal eýeledi. Ukrain çempionatynyň güýz böleginiň netijesine görä, 16 toparyň bäsleşýän premýer-ligasynda 13-nji orunda barýar.
«Ahal» topary täze möwsümde 2022-nji ýylda ýeňiji bolan çempionlygyny gaýtaryp almagy maksat edinýär. Bu maksat bilen 1-nji ýanwarda açylan transfer döwri tälimçiler topary alty oýunçy bilen topary güýçlendirdi. «Köpetdagdan» Azizbek Bekçanow we Ylýas Çaryýew, «Merwden» Igor Sekow we Ýagşysähet Döwletgeldiýew, «Nebitçiden» Akmämmet Metdäýew, «Şagadamdan» Şyhdurdy Amandurdyýew «Ahala» geçdiler. 

Geçen möwsümde Serdar Geldiýewiň topary Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynda dokuz toparyň arasynda dördünji orny eýeläpdi. 

Täze möwsüm başlamazdan ozal «Ahal» FK logotipini resmi taýdan üýtgetdi, onda az reňk ulanylan. Onuň merkezinde toparyň esasy hemaýatkäri «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň nyşany ýerleşýär. Şeýle hem klubuň döredilen ýylyny aňladýan 1989 belgi bar.

Klubuň metbugat gullugynyň habarynda: «Täze nyşan toparyň taryhynda täze eýýamyň başlanýandygyny aňladýar» diýilýär.

«Ahal» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynda iki gezek çykyş etmek hukugyny gazanan ilkinji türkmen futbol klubudyr. 2022-nji ýylda bu topar Aziýanyň futbol klublarynyň esasy ýaryşynda ilkinji gezek Türkmenistana wekilçilik etdi. Jiddada (Saud Arabystany) Türkmenistandan, Eýrandan, Katardan we Birleşen Arap Emirliklerinden dört klubuň gatnaşmagynda geçirilen iki aýlawly ýaryşda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň futbolçylary Kataryň «Al-Garafa» toparyny 4:2 hasabynda utup, AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňiş gazandylar. Aziýada bu abraýly klub ýaryşynda ilkinji oýnunda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna gatnaşan, BAE-niň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Dubaýyň «Şabab Al-Ahli» kluby bilen 1:1 hasabynda deň oýnady. Alty oýnuň jemi boýunça «Ahal» 4 utuk toplap, «C» toparçada 4-nji orny eýeledi, onda «Al-Garafa» 5, «Şabab Al-Ahli» 10 we Eýranyň «Fulady» 12 utuk toplapdylar.

Geçen ýyl «Ahal» bassyr ikinji gezek Aziýanyň esasy futbol kubogy ugrunda bäsleşmäge synanyşyp, «A» toparçada «Al-Aýn» (BAE), «Al-Feýha» (Saud Arabystany) we «Pahtakor» (Özbegistan) toparlary bilen bäsleşip, dördünji orunda galdy.