Ï Günbatar sebitde mallar dok we ýyly gyşladylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Günbatar sebitde mallar dok we ýyly gyşladylýar

view-icon 4569
Günbatar sebitde mallar dok we ýyly gyşladylýar

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Günbatar sebitde hem eýeçiligiň ähli görnüşlerinde dowarlaryň, sygyrlaryň, düýeleriň, gylýallaryň, guşlaryň baş sany ýylsaýyn artýar. Mallaryň we guşlaryň agramly bölegi şahsy eýeçilige degişli bolup durýar. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanýandygyny aňladýar.

Döwlet eýeçiligindäki mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary gyşdan alyp çykmak ugrunda-da welaýatda netijeli çäreler amala aşyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler hem doly güwä geçýär. Elbetde, maldarçylygyň döwletimiz tarapyndan döwrebap derejede ösdürilmegi, hemme zerur şertlerdir mümkinçilikleriň döredilmegi çarwadarlary täze-täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Şu günlerde mallar Garagum sährasynyň jümmüşinde hem-de Köpetdagyň eteklerindäki öri meýdanlarda bakylýar. Işler Gyzylarbat etrabynyň «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynda has oňat ýola goýlupdyr. Häzirki wagtda gyzylarbatly maldarlar gyş möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli tagallalary edýärler.

Baý iş tejribeli ezber çopanlar mallaryň idegini yzygiderli ýetirýärler. Mallaryň gyşladylýan ýerinde ätiýaçlyk ot-iým gory hem ýeterlik. Çünki geçen tomus we güýz aýlarynda ýorunjanyň, samanyň hem-de iri baldakly, dürli görnüşli otlaryň 2 müň 500-e barabar tonnasy taýyn edilipdir. Maldarlar zerurlyk ýüze çykan halatynda, oba hojalyk tehnikalaryň, ulaglaryň güýjündenem ýerlikli peýdalanýarlar. Ýerli hünärmenler öri meýdanlarynda zähmet çekýän çopan-çoluklaryň arasyna baryp, olaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp durýarlar. Şeýle edilmegi möwsümleýin çäreleri talabalaýyk guramakda, mallaryň göwnejaý gyşladylmagyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Balkanly maldarlar ýetip gelýän ýaz paslyndaky owlak-guzy we köşek almak möwsümine-de ykjam taýýarlyk görýärler.

Welaýatyň janypkeş maldarlary geçen ýyl dowarlardan owlak-guzy almak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Maldarçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklarda düýelerden köşek almak boýunça-da oňat görkezijiler gazanyldy. Şeýle ýokary netijeleriň gazanylmagyna «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň tejribeli çopanlary saldamly goşant goşdular.

Ýaňy-ýakynda biz «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň ýolbaşçysy Hemra Seýitjanow bilen duşuşyp, ondan bu ýyl meýilleşdirýän işleri hakynda gürrüň bermegini haýyş etdik. Şonda ol:

Ýurdumyzyň ak bazarlaryndaky, söwda nokatlarynda etiň, ýagyň, süýdüň hem-de beýleki maldarçylyk önümleriniň bolçulygyna mynasyp goşant goşmak biz – maldarlaryň baş wezipesine öwrüldi. Şu maksat bilen maldarçylyk hojalygymyzda däp bolup gelşi ýaly, şu ýyl hem ýokary sepgitleri eýelemegi meýilleşdirdik. Mallary gyşladyp, gyşdan oňat semizlik derejesinde alyp çykmak üçinem irgözinden uly aladalar etdik. Muňa garamazdan, hiç wagt arkaýynlyga ýol bermeli däldigine magat düşünýäris. 

Öňümizde maldarçylyk pudagyndaky jogapkärli döwürleriň biri bolan dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi ýetip gelýär. Hojalyk boýunça 18 müň 573 ene dowardan 16 müň 615 owlak-guzy, 1195 ene düýeden hem 538 köşek alyp, geçen ýylkydan has belent sepgitleri eýelemek üçin has-da tutanýerli zähmet çekeris – diýip aýtdy.