Ï Beýik akyldar şahyra bagyşlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik akyldar şahyra bagyşlandy

view-icon 3347
Beýik akyldar şahyra bagyşlandy

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary we türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde sergi guraldy.

Sergi suratlardan, heýkellerden, şaý-seplerden we Magtymguly Pyragynyň ýaşan hem-de döredijilik bilen meşgullanan döwrüne mahsus bolan käbir gymmatlyklardan ybarat boldy. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary, şahyr hakyndaky terjimehal kitaplary we onuň durmuşy hem-de döredijiligi hakyndaky beýleki neşirler sergide görkezildi.

Esasy gymmatlyklaryň biri Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy B.Annamedowyň heýkeltaraşlyk eseri bolup, onda Magtymguly Pyragynyň döredijilik ylhamy we täze setirlerini oýlanýan pursady ussatlyk bilen suratlandyrylypdyr. Bu ýere gelýänleriň ünsüni, şübhesiz, köne patefon we gramplastinkalara ýazylan türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyrynyň goşgularyna döredilen aýdymlar özüne çekdi.

Muzeý işgärleriniň bellemegine görä, bu sergi şu ýylyň dowamynda hemişe işlemegini dowam eder. Ýurdumyzyň hemme ýerinde bolşy ýaly, beýik şahyryň we akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy Daşoguz welaýatynda hem giňden belleniler.

Daşoguz welaýatyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde guralan sergi ýylyň möhüm senesine we şygaryna bagyşlanan köp sanly medeni çärelerden diňe biridir.