Ï Adatdan daşary ýagdaýlarda görülmeli çärelere taýýarlygy üpjün etmek boýunça tälim okuwy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adatdan daşary ýagdaýlarda görülmeli çärelere taýýarlygy üpjün etmek boýunça tälim okuwy geçirildi

view-icon 2819
Adatdan daşary ýagdaýlarda görülmeli çärelere taýýarlygy üpjün etmek boýunça tälim okuwy geçirildi

Türkmenistan tarapyndan başlangyç alan Hazar deňzinde bäş taraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky resminamalaryň arasynda Hazar döwletleriniň 2014-nji ýylda Astrahan şäherinde geçirilen IV sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak babatynda hyzmatdaşlyk şertnamasy-da bar.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda milli derejede sazlaşdyrylan çäreleriň amala aşyrylyşyny türgenleşmek üçin «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi «Hazar deňziniň türkmen böleginde tebigy we tehniki sebäplerden ýaňa dörän adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak boýunça ministrliklerdir müdirlikler, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň görýän çäreleriniň guramaçylygyny gowulandyrmak» boýunça giňişleýin okuw geçirdi.

Okuw üç tapgyrda geçirildi. Tälim okuwynyň ýazgysyna laýyklykda Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit we nebit önümlerini alyp barýan gämide tehniki näsazlyklar sebäpli ýangyn ýüze çykýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Gämileri dolandyryş merkeziniň» operatory ýüze çykan hadysa baradaky habary kabul edýär we haýal etmän, gyssagly kömek hyzmatlaryna habar berýär.

Olaryň sazlaşykly tagallalary netijesinde dessin kararlar kabul edilýär we nebit tankerinde ýangyn çykan hem nebit dökülýän ýerini kesgitlemek, munuň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak we munuň üçin zerur serişdelerdir çeşmeleriň mukdaryny kesgitlemek boýunça amaly kararlar kabul edilýär. Görlen çäreler baradaky hasabatlar we teklipler Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Merkezi döwlet komissiýasyna iberilýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş merkeziniň gyssagly ýerleşdirilmegi, Hazar deňzinde tebigy we tehniki sebäplerden ýaňa dörän adatdan daşary ýagdaýlarda görülmeli zerur çäreleriň kesgitlenmegi we karar kabul edilmegi Balkan welaýatynyň ýolbaşçylarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. 

Şunuň bilen baglanyşyklylykda, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi 2023-nji ýylyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça geçirilen çärelerde we welaýatda geçirilen tälim okuwlarynda görkezen gowy netijeleri üçin Hormat haty bilen sylaglandy.