Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny esse ýazmak boýunça bäsleşige çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny esse ýazmak boýunça bäsleşige çagyrýar

view-icon 2303
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny esse ýazmak boýunça bäsleşige çagyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň orny» atly tema boýunça esse ýazmak bäsleşigine gatnaşjaklary çagyrýar.

Bäsleşige gatnaşmaga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de magistrantlary çagyrylýar.

Bäsleşigi geçirmegiň maksady – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda halkara ynsanperwer hukugynyň esasy ýörelgeleri barada bilimleri wagyz etmekden we ýaýratmakdan ybaratdyr. Bäsleşige ozal beýleki bäsleşiklere gatnaşdyrylmadyk rus dilinde özbaşdak ýazylan awtorlyk işleriň diňe biri kabul edilýär.

Garaşsyz eminler tarapyndan awtorlyk işlere baha berlende halkara ynsanperwer hukugy babatdaky bilimler, pikiriň özboluşlylygy, işiň mazmunynyň bäsleşigiň yglan edilen temasyna laýyk gelýänligi, beýan etmegiň hili hem-de ilkibaşky çeşmeler bilen işlemek başarnygy göz öňünde tutular.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 15-nji aprele çenli awtor baradaky maglumatlar beýan edilen haýyşnamany hem-de taýýar edilen essäni şu hhkafedra@gmail.com. elektron salgy boýunça çäräniň guramaçylyk toparyna ibermelidir.

Gatnaşmak üçin doldurylmaly haýyşnamanyň nusgasy, işleri bellige almagyň düzgüni we beýleki maglumatlar Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň resmi saýtynda Bildirişler bölüminde ýerleşdirilendir. Bäsleşigiň netijeleri institutyň saýtynda 1-nji maýda yglan ediler.

Bäsleşigiň ýeňijileri diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar. Sylaglanyş dabarasy 8-nji maýda Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de geçiriler. Bäsleşige gatnaşan daşary ýurtlaryň wekilleriniň ýeňijileri dabara sanly wideoaragatnaşyk arkaly goşulyşyp biler.

Awtorlaryň iň oňat esselerini «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-amaly žurnalda neşir etmek meýilleşdirildi.