Ï «Awaza» şypahanasy: gyş günleri gyzykly geçýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» şypahanasy: gyş günleri gyzykly geçýär

view-icon 3085
«Awaza» şypahanasy: gyş günleri gyzykly geçýär

Gyş paslynyň üçünji aýy dowam edýär. Howanyň üýtgäp duranlygyna hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda, biraz sowukdygyna garamazdan, bu ýere gelýän raýatlaryň sany has artýar.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, Hazar deňziniň kenary bilen alyslara ýaýylyp gidýän meşhur syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Awaza» şypahanasynyň häzirki gyş günlerinde-de adamlary ýetik. Ajaýyp melhemler mesgeni döwletli Diýarymyzda deňiz şypahanasynyň buýsançly ösüşlerini täze derejelere çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Ol işe girizilen ilkinji gününden başlap, 2018-nji ýylyň 21-nji iýunyndan bäri raýatlarymyza oňat hyzmat edip gelýär. Bu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň binagärlik keşbini, onuň geografik taýdan gurluş düzümini baýlaşdyran bu toplum owadan, sapaly künjegiň gözelligine has-da görk goşýar. Ýigrimi müň inedördül metre golaý meýdany tutýan toplum dünýäniň iň bir kämil lukmançylyk enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilipdir.

Şypahananyň ýöriteleşdirilen bölümlerinde ussat lukmanlardyr şepagat uýalary zähmet çekýärler. Olar häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy tejribeleri esasynda işläp, saglyklaryny dikeldýän raýatlara dürli bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny edýärler. Şonuň ýaly-da dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket synasynyň, nerw, endokrin, ýürek-damar ulgamynyň kesellerini anyklamagy we bejermegi üstünlikli alyp barýarlar. Ähli amatlyklary bolan şypahanada adamlara aeroterapiýa, galoterapiýa, talassoterapiýa, akgoterapiýa, deňiz, şol sanda mineral suwy bilen bejermek ýaly hyzmatlar ýola goýulýar.

Döwrebap şypahanada balnoterapiýa hem-de palçyk bilen bejeriş, howuzly, SPA-ly gidroterapiýa, maslahat beriş hem-de anyklaýyş, dikeldiş, fizioterapiýa we bejeriş bedenterbiýesi bölümleri, rentgenografiýa, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, owkalap bejeriş, kliniki barlaghanalar bar. Bulardan başga-da, dynç alýan, saglyklaryny berkidýän raýatlar fitobarda melhemlik içgilerden, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan şirelerden içip, teşneliklerini gandyrýarlar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary jikme-jik beýan edilýär. Şolaryň esasynda taýýarlanýan melhemler bolsa öz şypaly netijelerini berýär.

Toplumyň çägindäki sport meýdançalaram raýatlaryň hyzmatynda bolup, bu ýerde özara ýaryşlar, çekeleşikli oýunlar geçirilip durulýar.

Şu günlerde hem bu ýerde wagtlaryny peýdaly, şatlykly geçirip, saglygyny berkidýän raýatlar döwletimiz tarapyndan döredilen iň bir naýbaşy derejedäki nusgalyk şertlerdir mümkinçiliklere buýsanyp, bu ýerleriň täsinliklerinden, gözelliklerinden ruhy lezzet alýarlar. Şeýle-de gyş paslynyň derde derman, häzirki hoştap günlerinde Hazar deňziniň kenar ýakasynda gezelenç edip, tebigy taýdan arassa howasyndan dem almagy saglygyň, dynç alşyň melhemi, egsilmez höziri hasaplaýarlar. Şeýle bagtyýar raýatlar özleri barada, halkymyz hakynda ägirt uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.