Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda taslamanyň III möwsüminiň VI oýny geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda taslamanyň III möwsüminiň VI oýny geçirildi

view-icon 4954
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda taslamanyň III möwsüminiň VI oýny geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamanyň III möwsüminiň saýlama tapgyrynyň altynjy oýny geçirildi. Ol ýokary okuw mekdebi hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.

Däp boýunça intellektual bäsleşikde oýunçylaryň sekizisi çykyş edip, olaryň düzümine Aşgabat şäheriniň, Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary girdiler.

Möwsümiň VI oýny «Ahmet şa Dürrani. Dürranidler döwletiniň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary» temasyna bagyşlandy. Taslamanyň III möwsüminiň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň nesihatlary – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» diýen umumy şygar astynda geçirilýändigini ýatlap geçmek gerek. Şondan ugur alnyp, her oýnuň mazmunyna ugurdaş sowallar bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan sowallar hem girýär.

Okuwçylar üçin hünär ugurly taslamanyň nobatdaky oýny şowhunly we gyzykly geçdi. Öz geljegini diplomatik işler bilen baglanyşdyrmagy maksat edinýän zehinli gatnaşyjylar oňat bilimlerini hem-de intellektual taýdan bäsleşmek ukyplaryny görkezmegi başardylar.

Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň çykyşlaryna abraýly emin agzalary baha berdiler. Onuň düzümine Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeler bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow hem-de Magtymguly adyndaky TDU-nyň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň müdiri Mähri Perdeliýewa dagy girdiler.

Eminleriň çözgüdi bilen okuwçylaryň ikisi ýeňiji diýlip yglan edilip, olar bäsleşigiň ýarym finalynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Ol ýeňijiler Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 43-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Perhat Orazmyradow hem-de Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Döwletgeldi Parahadow boldular.

Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine institutdan Hormat hatlary hem-de çäräniň hemaýatkärlerinden – TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyndan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinden, Türkmenistanyň ýaýdan ok atmak boýunça milli federasiýasyndan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden, şeýle hem «Abadan haly» AGPJ-den, «Aýdyň gijeler» HJ-den, «Ýedi dogan» HK-dan, «Muhammet Balkan» HJ-den, «Düwmejik» HK-dan we «Ak Menzili» HK-dan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýakyn günlerde türkmen teletomaşaçylary üçin «Miras» teleýaýlymynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň VI bäsleşiginiň görkezilişi bolar. Ýaýlymyň işgärleri bäsleşigiň ýazgysyny DIM-niň HGI-niň okuw studiýasynyň wekilleri bilen bilelikde geçirdiler.