Ï «Galkan» Türkmenistanyň hokkeý çempionatynyň birinji aýlawynda ýeňiji boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Galkan» Türkmenistanyň hokkeý çempionatynyň birinji aýlawynda ýeňiji boldy

view-icon 4047
«Galkan» Türkmenistanyň hokkeý çempionatynyň birinji aýlawynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň çempionatynyň medallary ugrunda göreşýän 6 topar bilen bäsleşýän «Galkanyň» hokkeýçileri ýaryşyň birinji tapgyrynda ýeňiji boldy.

Duşuşyklar 2014-nji ýylda açylan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» gyşky sport merkeziniň buzly meýdançasynda geçirildi. Türkmenistanyň hokkeý federasiýasynyň başlygy Jora Hudaýberdiýewiň «AA»-nyň habarçysyna aýtmagyna görä, milli çempionatyň birinji ýarymynyň jemi boýunça Içeri işler ministrliginiň sport klubynyň topary bäş oýunda bäş ýeňiş gazanyp, çempionatda 15 utuk bilen ynamly öňde barýar. «Galkandan» 4:10 hasabynda ýeke-täk ýeňlişe sezewar bolan Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Şir» toparynyň liderden 3 utugy az. «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Oguzhan» topary 9 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.

Içeri işler ministrliginiň institutynyň «Nesil», Türkmenistanyň Serhet institutynyň «Merdana» we ýaryşda soňky orunda barýan Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň «Watançy» toparlary hem Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşýarlar. Iň köp pökgi geçirenleriň arasynda 9 şaýba geçiren «Galkanyň» hüjümçisi Begenç Döwletmyradow öňde barýar. Birinji tapgyrdan soň Türkmenistanyň milli we ýetginjekler (18 ýaşa çenli) toparlarynyň ýetip gelýän dünýä çempionatlaryna taýýarlanmagy sebäpli çempionatda arakesme boldy.

Milli ýygyndymyz 10–16-njy mart aralygynda Bişkekde geçiriljek «A» toparçanyň üçünji diwizionynyň dünýä çempionatyna gatnaşar. Gyrgyz Respublikasynyň, Lýuksemburgyň, Meksikanyň, Tailandyň, Türkmenistanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň toparlary «B» toparçanyň ikinji diwizionyna çykmaga ýeke-täk orun ugrunda bäsleşerler.

Bu möhüm ýaryşlara taýýarlygyň çäklerinde milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Baýram Allaýarowyň we onuň kömekçisi Ylýas Weliýewiň ýolbaşçylygyndaky hokkeýçilerimiz 21-nji fewraldan mart aýynyň 6-syna çenli «Raubiçi» Olimpiýa taýýarlyk merkezinde (Belarus) jemleýji okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolup, onuň çäklerinde birnäçe synag oýunlaryny geçirerler.

Ýetginjekler toparyna öňümizdäki aýda, ýagny 4–7-nji martda Tailandyň Gonkong komandalarynyň gatnaşmagynda Keýptaun şäherinde geçiriljek «B» toparçanyň üçünji diwizionynyň dünýä çempionatyna çynlakaý synag garaşýar, oňa Gonkongyň, Tailandyň,Türkmenistanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň toparlary gatnaşýarlar.

Türkmen ýetginjekleri şeýle derejeli ýaryşlarda ilkinji gezek çykyş ederler. Oňa hokkeýçilerimiz Guwanç Jepbarowyň we Maksat Ataýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlanýarlar.

Geçen ýyl Türkmenistanyň ýetginjekler topary Ulan-Batorda geçirilen 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda geçirilen ilkinji Aziýa we Okeaniýa çempionatynda kümüş medal eýeledi, oňa Özbegistanyň, Mongoliýanyň, BAE-niň, Tailandyň we Eýranyň toparlary gatnaşdylar.