Ï Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň bir ýyllygyny belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň bir ýyllygyny belledi

view-icon 4784
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň bir ýyllygyny belledi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň «Medeni miras: geçmişden geljege» atly kafedrasynyň döredilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.

Şunuň bilen birlikde, paýtagtyň ýokary okuw mekdebi Ylymda aýal-gyzlaryň halkara gününi belledi. Bu sene uniwersitetde «Türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmekde zenan alymlaryň ylmy işleriniň ähmiýeti» diýen at bilen geçirildi. Her ýyl bellenilýän baýramçylyk BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan zenanlaryň ylmy işlere doly, deňhukukly gatnaşmagyna ýardam bermek maksady bilen döredildi.

Çärä ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlary, ylmy-barlag edaralaryň alym zenanlary, şeýle hem Magtymguly adyndaky TDU-nyň «Medeni miras: geçmişden geljege» atly ÝUNESKO kafedrasynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyşlarda ýurdumyzda zenanlaryň ylyma işjeň we doly hukukly gatnaşyp, döwletimizde geçirilýän giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşup bilmekleri, gender deňligini üpjün etmäge ýardam berip bilmekleri üçin hemme zerur şertleriň hem-de giň mümkinçilikleriň döredilendigi aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde geçen ýylda Magtymguly adyndaky TDU-nyň ÝUNESKO kafedrasynyň alyp baran işleriniň, onuň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilim, ylym we medeniýet meseleleri (ÝUNESKO) boýunça üstünlikli hyzmatdaşlygynyň netijeleri beýan edildi.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de ÝUNESKO-nyň üstünlikli ösdürilýän we ýyl-ýyldan giňeldilýän hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ylymyň we bilimiň aýratyn ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 2-sinde ÝUNESKO-nyň kafedralarynyň, ýene-de 5-sinde bolsa ÝUNESKO-nyň klublarynyň hereket edýändigi, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 6-synyň bolsa bu guramanyň assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilendigi nygtaldy.

Magtymguly adyndaky TDU-nyň ÝUNESKO kafedrasynda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döredilen we häzirki günlerimize çenli gelip ýeten maddy we ruhy mirasyny ylmy esasda öwrenmek hem-de ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, dürli çäreler geçirilýär. Kafedranyň guramagynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň, mugallymlarynyň, talyplarynyň, YBI-niň (ylmy-barlag institutlar) işgärleriniň gatnaşmagynda «Medeni miras – ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň gözbaşy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň netijeleri boýunça çykyşlaryň umumy mazmunynyň ýygyndysy neşir edildi.

Kafedranyň agzalary üçin Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylygynda tematiki sapaklar, okuw maslahatlary, okuwlar yzygiderli geçirilýär.

Baýramçylyk duşuşygyna gatnaşyjylar üçin uniwersitetiň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, Magtymguly Pyragynyň türkmen we daşary ýurt dillerinde çap edilen goşgularynyň ýygyndylary, şeýle hem beýik şahyryň döredijiligine bagyşlanylan ylmy işler, monografiýalar, makalalaryň ýygyndylary görkezildi.

Mundan başga-da, sergi myhmanlary talyplaryň, ýaş alymlaryň, ýokary okuw mekdebiň ÝUNESKO kafedrasynyň agzalarynyň taýýarlan dürli taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Magtymguly adyndaky TDU-nyň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň döredijilik toparynyň çykyşlary dabaraly çärä ajaýyp öwüşgin çaýdy.