Ï Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw maslahaty geçirildi

view-icon 1373
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw maslahaty geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň innowasiýa ylym-bilim merkeziniň esasynda «Enjamyň energiýa netijeliligi – sowadyjy we howany kondisionirlemek üçin ýylylyk nasoslary: howa we sowadyjy serişdeler» atly maslahat geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky Ozon merkezi tarapyndan ýola goýuldy. Okuwlara uniwersitetiň mugallymlary we talyplary, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň işgärleri we sowadyjy tehnikler gatnaşdy. Çärede Türkmenistanyň ozon boýunça halkara bütindünýä ylalaşyklaryny, ýagny Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyny, Ozon gatlagyny weýran edýän maddalar boýunça Monreal Teswirnamasyny we oňa girizilen bäş sany düzedişi ýerine ýetirişiniň netijesi görkezildi.

Monreal Teswirnamasyna «üstünlikli» diýilýär, onuň ýerine ýetirilişiniň çäginde tutuş dünýä boýunça ozon gatlagyny weýran edýän 100-den gowrak maddanyň öndürilişini we sarp edilişini gadagan etmek mümkin boldy. Türkmenistan Teswirnama bilen gadagan edilen we sazlanýan freonlaryň ulanylyş derejesini peseltmek, içerki sowadyjy bazaryň alternatiw tebigy, ozona we howa zyýansyz sowadyjy serişdelere geçmek babatynda halkara borçnamalaryny jogapkärçilikli we öz wagtynda ýerine ýetirýär. Ulanylyşyny kwotalamaly we sazlamaly bolan sowadyjy gazlary dolanyşykdan aýyrmak rejenamasy, şeýle hem teklip edilýän we enjamlar, ýagny awtoulaglar, kondisionerler, senagat sowadyjylary bilen bile getirilýän garyndylaryň täze nesliniň mümkinçiligi görkezildi.

Azyk we ýangyç-energetika pudaklary üçin hünärmen taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiň «kompressor we sowadyjy desgalar» bölüminiň talyplary we mugallymlary üçin UNIDO-nyň wekili rus hünärmeni Aleksandr Çuhçiniň gatnaşmagynda okuwlar hem amaly sapaklar geçirildi. Tebigy sowadyjy serişdeleriň, ýagny ammiakFyň, butanyň, izobutanyň, kömürturşy gazynyň, propileniň mümkinçilikleri we olary ulanmagyň howpsuzlyk düzgünleri barada-da aýdyldy.

Bir zady bellemek gerek: iş alyp baran bir ýarym ýylynyň dowamynda merkezde iki ýüz hünärmen taýýarlandy.