Ï Türkmenistanyň wekilleri «Geljegiň oýunlary» multisport ýaryşyna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri «Geljegiň oýunlary» multisport ýaryşyna gatnaşýarlar

view-icon 5114
Türkmenistanyň wekilleri «Geljegiň oýunlary» multisport ýaryşyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň wekilleri ilkinji gezek geçirilýän «Geljekki oýunlar» ýaryşyna gatnaşmak üçin Kazana bardylar. 21-nji fewralda Tatarystanyň paýtagtynda ýaryşyň açylyş dabarasy bolar.

«Geljegiň oýunlary» «fijital» ýörelgesine esaslanýan sportuň, ylmyň we tehnologiýalaryň utgaşygynda guralýan uly göwrümli sport çäresidir. Bu adalga iki sözden – physical (fiziki) we digital (sanly) ybarat bolup, hakyky we wirtual utgaşygy aňladýar. Sport nukdaýnazaryndan ol jübüt bäsleşikdir, onda şol bir topar ilki hakyky sportda, soňra şu sport görnüşine meňzeş kibersport oýnunda bäsleşýär.

«Geljegiň oýunlaryna» 100-den gowrak ýurtdan 270-den gowrak toparyň gatnaşmagyna we ýaryşyň umumy baýrak gaznasynyň 10 million dollar bolmagyna garaşylýar. Baýrak pullary sport, taktika, strategiýa, tehnologiýalar we tizlik ýaly bäş topara bölünýän 21 ugruň arasynda bölüner.

Toparymyz Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine wekilçilik edýän 15 türgenden (14 türgen we 1 mugallym) ybarat. Ol fijital-futbol we fijital-basketbol oýunlarynda çykyş eder.

«Geljegiň oýunlarynyň» metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Kazanyň halkara howa menzilinde türkmen wekiliýetini meýletinçiler mähirli garşy aldylar. Ýaryşa gatnaşýanlara hasaba durmaga kömek etdiler we türgenleri ýaryş meýdançalaryna äkidýän awtobusa eltdiler.

«Geljegiň oýunlary» dürli meýdançalaryň dokuzysynda geçiriler. Ýaryşyň esasy açylyş we ýapylyş dabaralarynyň geçiriljek ýeri «Kazan Expo» sergi toplumy bolar, bu ýerde fijital-futbol, fijital-basketbol, fijital-konkili typmak, Dota 2 + superfinal, MLBB + superfinal, tans simulýatory we wirtual reallyk oýny boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň ýapylyş dabarasynda ikinji «Geljegiň oýunlaryny» kabul etjek ýurt agzalar. Hytaý ýaryşy geçirmäge esasy dalaşgär hasaplanylýar.

Birinji «Geljegiň oýunlarynyň» tumary tatarystanly talyplaryň oýlap tapan MIRA sumrug guşy boldy. Tumaryň adynyň parahatçylygy we ýaryşa gatnaşýan halklaryň birleşmegini alamatlandyrýandygy bellendi. Döwrebap sumrug guşy däp-dessurlaryň we innowasiýalaryň birleşmeginiň, täze tejribelere we tehnologiýalara açyklygyň nyşanydyr, ol sportuň geljegini wagyz eder.

«Geljegiň oýunlary» 3-nji marta çenli dowam eder. Tatarystanyň paýtagtynda guralýan şeýle ýaryşyň millionlarça adamda seslenme tapjakdygyny we dürli milletleriň wekillerini häzirki zaman sanly tehnologiýalar arkaly birleşdirmegiň çäksiz mümkinçiliklerini açyk görkezjekdigini, şeýle hem Türkmenistanda fijital-hereketiň ösüşine täze itergi berjekdigini aýtmak bolar.