Ï Günbatar sebitde ýaz ekişine taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Günbatar sebitde ýaz ekişine taýýarlyk görülýär

view-icon 2659
Günbatar sebitde ýaz ekişine taýýarlyk görülýär

Şu günlerde Balkan welaýatynyň Garagum derýasynyň boýundaky ekin meýdanlarynda şu ýazda boljak gowaça ekişine taýýarlyk işleri utgaşykly dowam edýär. Geljek hasylyň düýbüni mäkäm tutmaklyga gönükdirilen bu möhüm işler agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul eden ilhalar çözgütleri hem kärendeçi daýhanlarda, ähli oba hojalyk işgärlerinde täze zähmet galkynyşyny döretdi. Has takygy, şu ýylyň hasylyndan başlap, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň birnäçe esse ýokarlandyrylmagy olary geljekki zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. Şonuň netijesinde Günbatar sebitde oba hojalyk ekinleri bilen birlikde bugdaýyň, «ak altynyň» öndürilişini yzygiderli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Balkanly daýhanlar geçen ýyl hem pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny Diýarymyzda ilkinji bolup üstünlikli berjaý etdiler.

Üstümizdäki ýylda hem belent maksatlar ugrunda tutanýerli tagallalar edýän oba zähmetkeşleri ýaz ekişiniň aladasy bilen ýerleri tekizlemek, geriş çekmek işlerini guwandyryjy netijelere besleýärler. Şeýle işlerde Gyzylarbat, Bereket we Magtymguly etraplarynyň daýhan birleşikleridir hojalyklary has-da tapawutlanýarlar.

 Ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda welaýatyň obasenagat toplumynyň işgärleri bilen birlikde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary hem göreldeli zähmet çekýärler. Häzirki wagtda bu işde «John Deere», «CLAAS» we «CASE» kysymly sürüm traktorlarynyň 140-sy, bejergi traktorlarynyň 125-si işledilýär. Şeýle-de welaýatyň zähmetsöýer pagtaçy kärendeçileri şu ýyl 13 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmegi meýilleşdirýärler. Onuň 8600 gektary bolsa Gyzylarbat etrabynyň çägine degişlidir.

Ýeri gelende aýtsak, gowaça ekişi möwsüminde sanly telematik ulgam arkaly ekiji tehnikalaryň 30-syny işletmek göz öňünde tutulýar. Kuwwatly tehnikalaryň öndürijilikli işlemekleri üçin düzüminde hünärmenler, sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan tehniki hyzmat ediş toparlaram hereket eder.

Möwsümde ekiljek gowaça tohumlarynyň taýýarlygyna, olaryň hiline hem aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda tohumlar ýokary hil derejesinde arassalanyp, möwsüme doly taýýar edildi.

«Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat, Bereket etraplaryndaky ussahanalarynda gowaça ekiji enjamlar bilen bir hatarda ýeralma, gök-bakja ekişinde ulanyljak tehnikalar hem irgözinden abatlanyp, taýýarlyk hataryna çykaryldy. Abatlaýjylar bu möhüm işde gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary, şeýle-de beýleki zerur ýangyç-ýaglaýyş serişdeleri bilen üpjün edilýär. Şonuň ýaly-da şu ýylyň galla oragy möwsümine-de taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

 Balkan welaýatynyň ekin meýdanlaryndaky işleriň häzirki depgini-de bu gadymy toprakda şu ýyl ýetişdiriljek hasylyň düýbüniň pugta tutulýandygyna, olaryň bol hasyl almak baradaky aýdyň maksatlarynyň mysal boljakdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.