Ï Tahyr Ataýew: Hans Simmeriň sazlary arkaly syýahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tahyr Ataýew: Hans Simmeriň sazlary arkaly syýahat

view-icon 3708
Tahyr Ataýew: Hans Simmeriň sazlary arkaly syýahat
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Tahyr Ataýewiň orkestriniň sazandalary tomaşaçylary Golliwudyň meşhur filmleriniň üsti bilen Hans Simmeriň janly sazyna syýahat etmäge çagyrdy. Nemes kompozitory Hans Simmere kino aýdym-sazynyň janly rowaýaty diýilýär.

Onuň ady filmiň titrlerinde bar bolsa, onda ol film iň gowy filmdir. Şeýle-de bolsa, Hansyň özüniň oýunlyga salyp aýdyşy ýaly, onuň aýdym-saz bilimi bary-ýogy iki hepde fortepiano okuwy boldy. Ýöne bu ony saz hakynda pikirlenmekden we owazlaryň kömegi bilen hekaýalary gürrüň bermekden saklamady. Orkestriň janly owazynyň astynda Betmen tomaşaçylaryň öňünde halas ediş işini ýerine ýetirdi.

Filmiň ahyrynda şa öwrülen jadylaýjy ýolbars çagasy Simba, özüniň ajaýyp ahlak sypatlary bilen tomaşaçylara syrdan doly haýwanat dünýäsini görkezdi. Özüneçekiji Jek bolsa gyzykly başdan geçirmelerden doly durmuşy, batyrlygy we şowlulygyň hemişe ýar bolýanlygy bilen tomaşaçylary geň galdyrdy.

Bu tolgundyryjy we dartgynly wakalaryň hemmesi Hans Simmeriň ajaýyp aýdym-sazlarynyň owazy bilen utgaşykda bolup geçdi.

Gyzykly maglumatlar. Tahyr Ataýew «Şerlok Holmes» filminiň sazy ýerine ýetirilende oňa balalaýka partiýasyny goşdy. Bu rus halk saz guralynyň owazy baş gahrymanyň psihologiki dartgynlylykdan garaşylmadyk ýagdaýda gutulmagyny nygtap, umumy saz siňip gidýär.

Hans Simmere bagyşlanan bu konsertde dürli döwürdäki gahrymanlar, hakyky we hyýaly hekaýalar hakda aýdylýan filmlere 13 saz ýazgysy ýerleşdirildi.

Janly saz we ekranda haýran galdyryjy filmleriň şekilleri gyzykly hekaýalaryň başyndan ahyryna çenli pursatlary başdan geçirmek üçin tomaşaçylarda käbir filmlere ýene bir gezek tomaşa etmek islegini döretdi.