27-nji fewralda Kazana iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow Kazanyň milli barlag-tehnologik uniwersitetiniň (KMBTU-KHTI) rektory Ýuriý Kazakow bilen duşuşdy.
Taraplaryň bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklary barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygynyň (Kazan şäheri) saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory biotehnologiýa, nanotehnologiýa, nanobiotehnologiýa, himiýa tehnologiýasy, nebitgaz tehnologiýasy ulgamlarynda we beýlekilerde bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirdi.
Ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary öz bilim ojaklarynda, şeýle hem Aşgabat we Kazan şäherlerinde geçirilýän ylmy çärelere özara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiň rektory KMBTU-KHTI-iň professorlaryny şu ýylyň mart aýynda ýokary okuw mekdep tarapyndan biotehnologiýalar boýunça geçirilmegi meýilleşdirilen halkara maslahatda çykyş etmäge çagyrdy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmek barada, şeýle hem Hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn Ähtnama gol çekmegiň mümkinçiligine garamak barada ylalaşdylar.
28-nji fewralda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow Innopolis uniwersitetiniň prorektory Ýewgeniý Bobrow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hünärmenleri taýýarlamak we täzeden taýýarlamak, okatmagyň häzirki zaman usulyýetleri, ylmy barlaglar we beýlekiler boýunça tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Rektor G.Mezilowyň belleýşi ýaly, rus ýokary okuw mekdebinde okadylýan ugurlar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti üçin gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy türkmen hünärmenleriniň Innopolis uniwersitetine kämilleşdiriş okuwlaryny guramaga gyzyklanma bildirýändigini habar berdi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça özara düşünişmegi gazandylar.
Innopolis uniwersiteti maglumat tehnologiýalary boýunça Russiýanyň ýokary bilim ulgamynda öňdebaryjylaryň biridir. Uniwersitetde dünýäniň 35 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan talyplaryň 1200-den gowragy okaýar.
***
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow hem-de ýokary okuw mekdebiniň prorektory A.Muhammedow iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy (Kazan şäheri) tarapyndan guralan çäre Kazanyň milli barlag-tehnologik uniwersitetinde (KMBTU-KHTI) geçirildi. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna KMBTU-KHTI-niň professor-mugallymlary hem-de Kazanyň uniwersitetinde okaýan 300-e golaý türkmen talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň wekilleriniň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Munuň şeýledigine ýurduň kanunçylyk binýady bilen birlikde, ýaşlar syýasaty babatda durmuşa geçirilýän taslamalar hem şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitabynyň ýaşlara, olaryň alyp barýan işlerine, gazanýan üstünliklerine bagyşlanandygy, munuň bolsa Türkmenistanda ösüp gelýän nesillere, ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn ösmegi we bagtyýar ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýändiginden habar berýändigi bellenildi.
Ýaşlaryň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlara, döwletiň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna işjeň we netijeli gatnaşýandygy nygtaldy.