Ï Ýokary mekdepleriň mugallymlary halkara suw hukugy boýunça okuwa gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary mekdepleriň mugallymlary halkara suw hukugy boýunça okuwa gatnaşdylar

view-icon 5074
Ýokary mekdepleriň mugallymlary halkara suw hukugy boýunça okuwa gatnaşdylar

USAID-iň suw baýlyklary we daşky gurşaw boýunça sebitleýin taslamasynyň çäginde 28-nji fewralda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda suw diplomatiýasy, halkara suw hukugy we suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça okuw geçirildi.

Okuwyň dowamynda Türkmenistanyň Suw hojalygy boýunça Döwlet komitetiniň wekilleri, hünärmenler we taslama bilermenleri ýurduň «Dostluk» suw howdanynyň mysalynda serhedaşa desgalarda gazanan iş tejribesi, umumy suwlary bilelikde ulanmak we goramak baradaky halkara şertnamalary, şeýle hem suw çeşmelerini tygşytly peýdalanmak boýunça halkara tejribesi barada gürrüň berdiler.

Bu çärede Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamasyna girizmek üçin niýetlenen suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmak, gidrotehniki desgalaryň howpsuzlygyna we serhedaşa suw hyzmatdaşlygyna degişli taslamanyň çäginde işlenip düzülen okuw kursunyň tanyşdyrylyşy bolup geçdi. Suw diplomatiýasy, halkara suw hukugy we suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak boýunça geçirilen okuw Türkmenistanda bilim işine suw diplomatiýasy we halkara suw hukugy derslerini girizmek ugrunda ädim bolmalydyr.

USAID-iň suw we daşky gurşaw boýunça bäşýyllyk sebitleýin taslamasy durnuklylygy, ykdysady abadançylygy we ekologik ulgamyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw baýlyklary babatyndaky tehniki mümkinçiliklerini we hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegi maksat edinýär.