Ï «Awazada» nebit-gaz pudagynyň işgärleri üçin maslahat beriş sapaklary geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awazada» nebit-gaz pudagynyň işgärleri üçin maslahat beriş sapaklary geçirildi

view-icon 2774
«Awazada» nebit-gaz pudagynyň işgärleri üçin maslahat beriş sapaklary geçirildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşyklary Geňeşi, «Türkmennebit» DK-nyň kärdeşler arkalaşygy komiteti we Balkan welaýat kärdeşler arkalaşyklary bileleşigi tarapyndan guralan maslahat geçirildi.

«Gämi» myhmanhanasynda geçen öwrediş we maslahat beriş sapaklaryna zähmet goragy we howpsuzlyk tehnikasy bölümleriniň işgärleri, şeýle hem ýurdumyzyň günbatar sebitiniň hukukçylary we tehniki gözegçileri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda döwletiň sosial meselelere gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler we kärdeşler arkalaşyklarynyň wezipeleri barada çykyşlar diňlendi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän şu ýylky iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, bu ugurdaky kanunçylyga laýyklykda, zähmet gatnaşyklaryny we işgärleriň hem hünärmenleriň zähmet goragy, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşanlar ilkinji kärdeşler arkalaşyklary guramalarynda maliýe çeşmelerini maksatly ulanmak, «Türkmennebit» DK-nyň düzüminde zähmet goragy we howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünlerini berjaý etmek, önümçilikde amatly iş şertlerini döretmek, köpçülikleýin şertnamalary baglaşmagyň we amala aşyrmagyň tertibine aýratyn üns berdiler. 

Ýygnananlar bu meseleleriň ýerine ýetirilişine we beýleki guramaçylyk meselelerine jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak barada pikir alyşdylar. Okuw maslahatyna gatnaşanlar üçin sport we medeni çäreler, gezelençler guraldy.