Ï Türkmenistanyň 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

view-icon 3179

Ýurdumyzyň şu ýylyň ilkinji iki aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy.

2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 1,1 göterim ýokarlandy.

Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 107,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,3 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Ýanwar-fewral aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,6 göterim artdy.

Şeýle hem ýurdumyzyň Hökümetiň mejlisinde şu ýylyň ilkinji iki aýynda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100,2 göterim, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,4 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirildi. 

Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 109 göterim berjaý edildi. Daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,5 göterime deň boldy. Şeýle hem polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berildi.