Ï Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika boýunça IV Açyk halkara olimpiada geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika boýunça IV Açyk halkara olimpiada geçirilýär

view-icon 2786
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika boýunça IV Açyk halkara olimpiada geçirilýär

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda IV Açyk halkara olimpiada (OMOUS-2024) geçirilýär.

Şu ýyl olimpiada dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy uniwersitetlerinden bir ýarym müňden gowrak zehinli matematikler jemlendiler. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde oňa gatnaşyjylaryň duşuşygy we olimpiadanyň 4-nji martda geçirilen açylyş dabarasy tüýs ýürekden dostlukly, myhmansöýerlik we mähribanlyk ýagdaýynda guraldy.

Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, bu olimpiada diňe bir bäsleşik däldir, ol dostlukly gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek, bilimleri alyşmak hem-de dünýäniň akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleriniň arasynda berk gatnaşyklary ýola goýmak üçin meýdançadyr.

OMOUS-2024-iň baş maksady ylmy we amaly bilimleriň alşylmagy umumy ösüşiň, rowaçlygyň we özara düşünişmegiň öňe iteriji güýjüne öwrüljek oňaýly gurşawy döretmek üçin dünýäniň uniwersitetleriniň talyplaryny hem-de mugallymlaryny birleşdirmekden ybaratdyr.

Bu olimpiada ýokary guramaçylyk derejesinde işini dowam edýär. Matematika boýunça bäsleşigiň resmi dilleri – türkmen we iňlis dilleridir. Olimpiada Russiýadan, Özbegistandan, Hytaýdan, Bolgariýadan, Ispaniýadan, Indoneziýadan we beýleki ýurtlardan gatnaşyjylar özbaşdak hem-de toparlaýyn görnüşlerde matematika boýunça bilimlerini görkezýärler.

Gatnaşyjylar şahsy hasapda A we B derejelerde çykyş edýärler. Birinjisi, ýokary okuw mekdeplerde matematika we informatika ulgamynda ýöriteleşýän talyplara niýetlenendir, ikinjisi, taýýarlygyň beýleki ugurlarynyň talyplaryny jemleýär. Toparlaryň agzalary – dürli hünärleriň hem-de uniwersitetleriň talyplaryndan ybarat bolup, munuň özi, guramaçylaryň pikirine görä, ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we aragatnaşygyň ösdürilmegine ýardam eder. Toparlaryň her birinde dört talyp çykyş edýär. 

Olimpiadanyň netijelerini yglan etmek hem-de ýeňijilerini sylaglamak dabarasy paýtagtymyzyň uniwersitetinde 8-nji martda – Halkara zenanlar gününde geçiriler. Munuň özi bu waka aýratyn ähmiýet we dabara häsiýetini berer.

Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda Açyk matematika olimpiadasyny (Open Mathematical Olympiad for University Students) Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň dördünji ýyl yzly-yzyna üstünlikli we netijeli geçirýändigini belläp geçmek gerek. Halkara bäsleşiginiň geçirilmegi ders boýunça talyplaryň taýýarlyk derejesine baha bermäge, gatnaşýanlaryň has ukyplylaryny we zehinlilerini ýüze çykarmaga, şeýle hem ýaşlaryň takyk ylymlary öwrenmäge gyzyklanmalaryny, bu ugurda ylmy barlaglary geçirmegi höweslendirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda olimpiadanyň geçirilip gelinýän wagtyndan bäri, ylym we bilim ulgamynda özara hereketleriň we şonuň bilen birlikde, dostlukly gatnaşyklaryň gerimi ep-esli giňedi, hyzmatdaşlygyň bilelikdäki oňyn netijeleri gazanyldy.