Ï Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň halkara derejesinde bellenmegi türki medeniýetini bütin dünýäde tanatmaga hyzmat edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň halkara derejesinde bellenmegi türki medeniýetini bütin dünýäde tanatmaga hyzmat edýär

view-icon 3679
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň halkara derejesinde bellenmegi türki medeniýetini bütin dünýäde tanatmaga hyzmat edýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň «TRT Haber» kanalynyň ýolbaşçysynyň geçiren söhbetdeşliginde türki dünýäsiniň ýurtlarynyň köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda bütin dünýäde türki medeniýetini, olaryň halklarynyň baý taryhy, medeni we ynsanperwer mirasyny, türki edebiýatçylarynyň, sazandalarynyň, suratkeşleriniň we kinoçylarynyň ýeten derejelerini giňden tanatmakdygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň görnükli ogly, şol bir wagtyň özünde-de, eserlerinde türki halklaryň watançylyk, maşgala ojagyna wepalylyk, däp-dessurlara hormat goýmak, edermenlik we bitewülik ýaly dowamly gymmatlyklaryny hem häsiýetlerini wasp eden beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenmegi bu babatda ajaýyp mümkinçiligi ýüze çykarýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu möhüm senäniň türki döwletlerinde örän dabaraly bellenýändigini aýtmak bilen, Türkmenistanda muňa ýokary baha berilýändigini we goldawlary üçin hökümetlere, şeýle hem TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek baradaky karary üçin Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) minnetdarlygyny bildirdi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäginde geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylandygyny ýatlatdy we häzirki mejlisiň Magtymguly Pyragynyň bütin dünýäde meşhurlygyny artdyrmak we türki halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek meselesinde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasynyň ynsan kalbynda uly orun eýeleýändigini bellän türkmen halkynyň Milli Lideri nusgawy şahyryň döredijiliginiň diňe bir türkmenleriň we türki halklaryň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülmek bilen, Gündogaryň ähli halklarynyň medeni we ruhy ösüşine möhüm goşant goşandygyny aýtdy.

Şu ýyl Türkmenistan hyzmatdaş döwletler we halkara guramalar bilen bilelikde halkara gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryndan biri bolan medeni we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen milli hem halkara derejeli çäreleriň toplumyny geçirmegi meýilleşdirýär.