Ï Italiýaly binagär Aşgabadyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Italiýaly binagär Aşgabadyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw geçdi

view-icon 1710
Italiýaly binagär Aşgabadyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw geçdi

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guran Italiýa dizaýn hepdeliginiň çäklerinde meşhur binagär Andrea Kaputo Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna baryp gördi.

Türkmen talyplary bilen geçirilen duşuşyklarda Şanhaýdaky we Milandaky studiýalaryň eýesi, meşhur italýan binagäri kär ussatlygyndan gürrüň berdi we «Gymmatlyklary döretmek – deňlik, innowasiýalar, durnuklylyk» temasyndan okuw geçdi.

Suzhoudaky (Hytaý) Civic Centre Milanyň Merkezi wokzalynyň Magazzini Raccordati tunellerindäki Drop City merkeziniň dizaýn we binagärlik taslamalarynyň, ak öý şekilli dizaýn boýunça iri sergileriniň biri – Salone dei Mobili taslamasynyň awtory Andrea Kaputo bilimini artdyrmagyny dowam edýär. Ol pederlerimiziň bir wagtlar ýaşan dürli ýaşaýyş jaýlaryny öwrenip, binagär ak öýi öwrenmäge başy bilen berildi, onuň esasy gurluşynda häzirki ýaşaýyş binagärliginde görýän zatlarymyzyň giden bir filosofiýasyny we esasyny tapdy.

Leksiýalaryň dowamynda daşary ýurtly myhman geljekki hünärmenlere häzirki zaman binagärliginiň tapawutly aýratynlyklary, binalary täzeden gurmagyň ýa-da bar bolan binalary dikeltmegiň usullary barada gürrüň berdi. Binagäriň pikiriçe, adamlar diňe bir öz öýünde däl, eýsem, şäherde-de rahatlykdan we gözellikden lezzet almalydyrlar. Muňa göz ýetirmek üçin şäher meýilnamalaşdyryş we binagärlik üçin amatly şertleri döretmegiň ýollary barada talyplara öz taslamalaryny hödürledi.

Andrea Kaputo Türkmenistanda binagärligiň çalt ösýändigini hem belläp geçdi. Aşgabadyň gözelligine hasam haýran galýandygyny belläp, ýene-de ýurdumyza gelmek isleýändigini aýtdy.