Ï Baýnazar Nepesow – GDA-nyň iň gowy ýaş alymy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baýnazar Nepesow – GDA-nyň iň gowy ýaş alymy

view-icon 4407
Baýnazar Nepesow – GDA-nyň iň gowy ýaş alymy

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna hoş habar geldi – abraýly halkara ýaryşyna gatnaşan halkara gatnaşyklary fakultetiniň dördünji ýyl talyby Baýnazar Nepesow ýeňijileriň biri diýlip yglan edildi we GDA-da «Iň gowy ýaş alym –2023» döşe dakylýan medalyna mynasyp boldy.

Şeýle ýagdaý geljekki diplomatlar ýokary okuw mekdebi üçin asylly däbe öwrüldi. Geçen ýyl institutyň başga bir talyby Serdar Rahymow hem halkara ýaryşyna gatnaşyp, «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen hormatly ada eýe boldy. Bu üstünlikler talyplarymyzyň mugallymlaryny we halypalaryny begendirmän bilmez.

Häzirki wagtda onuň mugallymlarydyr halypalary M.Berdinyýazow, N.Amanmyradow, onuň üstünligine ýardam eden başga-da köp adamlar Baýnazar Nepesowyň şatlygyna şärikdir.

Arkalaşygyň ylym-bilim edaralarynyň ýaş alymlarynyň bäsleşige gatnaşyşy barada gürrüň berende B.Nepesow, birneme utanyp, beýle üstünlige garaşmandygyny aýtdy. Aslynda, ol bäsleşige çynlakaý taýýarlandygyny gürrüň berdi. Bir ýyl mundan ozal Baýnazar ýaş alymlaryň arasynda meşhur diplomat A.Gromyko adyndaky halkara ýaryşa gatnaşypdy. Şonda onuň işine baýrak berlipdi. «Halkara gatnaşyklarynyň küşt oýnundaky diplomatiýa genisi: A.Gromyko» temasyndan üsti ýetirilen we taraşlanan referatynyň iň gowularyň biri diýlip yglan edilmegi üçin bir ýyl gerek boldy. 

Mugallymlarynyň we halypalarynyň B.Nepesow hakda aýtmagyna görä, ol güýçli ýatkeşligi we maksadyna ýetmekde tutanýerliligi bilen tapawutlanýar. Ylmy işiniň «gahrymanynyň» hem öz wagtynda gujurly, janypkeş, ýatkeşli güýçli, erjel adam bolandygyny bellemek gerek. Meşhur diplomatyň durmuş ýörelgesine – eger zat aýtman oňup bolýan bolsa, gowusy hiç zat diýmezlikdir diýen sözüniň talyp B.Nepesowa hem mahsusdygyny aýdan ýagşy.

Ýaş ýigidiň häsiýetiniň kemala gelmeginde maşgalasynyň ähmiýeti uludyr. Kakasy – Nepes Nepesow geofizik, ejesi Ogulgurban Nepesowa – ýerli çörek kärhanasynda ilat üçin datly çörek önümlerini bişirýär. Agasy Nurmuhammet Balkanabatdaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy, uýasy Ogulşirin bolsa mekdepde okaýar. Oňa nusgalyk, kömek eder ýaly adamlar bar.

Häzirki wagtda Baýnazar iňlis we fransuz dillerini kämilleşdirmek üçin köp işleýär, geljekki diplomata dil hökmany zat. Boş wagtlary ol BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň ýanyndaky Akademiýany üstünlikli tamamlady we degişli şahadatnama aldy.

Baýnazar geljekki hünärini dogry saýlandygyna şübhelenmeýär. Oňa öňde goýan maksatlaryna ýetmeginde we ylmy hem-de hünär işlerinde üstünlik gazanmagyny arzuw edýäris.