Ï Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň müňde bir manysyna bagyşlanan täze kitap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň müňde bir manysyna bagyşlanan täze kitap

view-icon 3645
Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň müňde bir manysyna bagyşlanan täze kitap

Ýaňy-ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen «Müň manyly Magtymguly» atly täze kitabyň ady şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna uýgun gelýär. 

Monografiýanyň awtory Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymy Çary Kulyýew esasy hünärinden daşary 1982-nji ýyldan bäri Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenip gelýär we şu mowzukda 30-dan gowrak ylmy makala neşir etdiripdir. Awtoryň pikiriçe, halkyň hatyrasynda we kalbynda ýaşaýan, ynsanperwer durmuş pelsepesini we esasy adamzat gymmatlyklaryny beýan edýän eserler Magtymguly ýaly şahyrlaryň ömrüni asyrlara uzaldýar we adamzat nesliniň ruhy mirasyna öwrülýär.

Awtor Magtymgulynyň şygryýetinde jemlenen müňde bir manynyň arasynda, esasan, şahyryň astronomiýa, geografiýa, lukmançylyk, zoologiýa, botanika, himiýa, janly we jansyz tebigat bölejikleriniň arasyndaky baglanyşygy gozgaýan ylmy-tebigy düşünjelerinde ünsi jemleýär. Şu düşünjeler-de kitabyň esasy mazmunyny emele getirýär.

Monografiýa girişden we üç bapdan ybarat. Birinji bapda şahyryň medresede okan we okuwdan soňky döwürde ýazylyp, döwrüne we garaşsyz türkmen döwleti baradaky arzuwlaryna bagyşlanan goşgular seljerilýär. Ikinji bap Magtymguly Pyragynyň beýik şahsyýetler – Döwletmämmet Azady, grek filosofy Platon, lukmanlar Galen we Ibn Sina, şahyrlar Omar Haýýam, Jelaleddin Rumy, Alyşir Nowaýy, Abdyrahman Jamy baradaky eserlerine bagyşlanýar. Üçünji bapda belli-belli goşgulary düşündirmegiň esasynda nusgawy şahyryň ylmy garaýyşlary açylyp görkezilýär. Kitabyň ahyrynda ýerleşdirilen goşundylarda Magtymguly Pyragynyň tebigat baradaky pikirlerini häsiýetlendirýän goşgularyna ýazylan sözlük, şeýle hem edebiýat, taryh, din we şahyryň şahsy durmuşy bilen baglanyşykly atlaryň düşündirişli sözlügi berlipdir.

Çary Kulyýewiň şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Müň manyly Magtymguly» atly kitaby şahyryň döredijilik mirasyny öwrenýän köp sanly hünärmeniň ünsüni özüne çekdi. Ol, şeýle hem dilçilere, orta we ýokary okuw mekdepleriň mugallymlaryna, talyplara we giň okyjylar köpçüligine niýetlenipdir.