Ï Türkmenistanda «Ýüpek ýoly» halkara ralli-reýdini geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Ýüpek ýoly» halkara ralli-reýdini geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2115
Türkmenistanda «Ýüpek ýoly» halkara ralli-reýdini geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda «Ýüpek ýoly» halkara ralli-reýdini geçirmek taslamasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana gelendigini «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär. Toparyň hatarynda ösüş boýunça direktor S.Tukmanow we taslamanyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary W.Sokolow bar.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport barada döwlet komitetiniň başlygy A.Saparow myhmanlar bilen ýurtda halkara ýaryşyny guramagyň möhüm ugurlaryny, şol sanda ýaryş geçirilende onuň ugruny işläp taýýarlamak, gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, lukmançylyk hyzmaty we aragatnaşyk guramak hem-de beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Ýaryşy şu ýylyň 9–15-nji sentýabry aralygynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda ozal «Amul–Hazar 2018» halkara awtorallisi şowly geçirilipdi.

«Ýüpek ýoly» ralli-reýdi – 2009-njy ýyldan bäri geçirilýän, ençeme ýyl bäri diňe bir Russiýa Federasiýasynyň sebitlerini däl, eýsem, Ýewraziýa ýurtlaryny hem birleşdirýän uly halkara taslamadyr. Ýaryş Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Mongoliýa, Türkmenistan ýaly ýurtlaryň çäginden geçipdi.