Ï Türkmenistanly dzýudoçy Antalýada geçirilen Uly tuwalga ýaryşynda bürünç medal eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly dzýudoçy Antalýada geçirilen Uly tuwalga ýaryşynda bürünç medal eýeledi

view-icon 2538
Türkmenistanly dzýudoçy Antalýada geçirilen Uly tuwalga ýaryşynda bürünç medal eýeledi

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Perdäýewa Türkiýede 29-njy martda başlanan «Antalýa Grand Slam 2024» ýaryşynda bürünç medal gazandy.

Üç gün dowam eden ýaryşa bäş yklymyň 93 ýurdundan 628 türgen (355 erkek we 273 zenan) gatnaşdy, olar 7 erkekler we 7 zenanlar agram derejesinde 14 medal ugrunda göreşdiler. Olaryň arasynda tanymal pälwanlaryň ençemesi, şol sanda dünýäniň we Olimpiýa oýunlaryň häzirki çempionlarynyň birnäçesi bar.

«Antalýa Grand Slam 2024» ýaryşynda 8 dzýudoçy – 5 erkek we 3 zenan türgen Türkmenistana wekilçilik etdi. Bäsleşigiň ilkinji güni ildeşimiziň hormat münberine çykmagy begendiriji pursat boldy.

Maýsa Perdäýewa 33 ýurtdan 44 dzýudoçynyň baýraklar ugrunda bäsleşen 57 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Bu üstünlige çenli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 19 ýaşly 1-nji ýyl talyby bäş ýeňiş gazandy.

Birinji aýlawda Maýsa Ngok Dýem Fuong Nguýenden (Wýetnam) arassa ýeňiş bilen üstün çykdy, ikinjisinde – iki «waza-ari» utugy bilen 2023-nji ýylda Afrika çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi we 13-nji Afrika oýunlary-2024 ýaryşynyň çempiony Žasmin Martini (GAR) ýeňdi. Üçünji aýlawda ildeşimiz tutluşygyň 2-nji minudynda 2024-nji ýylda Daşkentde geçirilen Uly tuwulganyň bürünç medalynyň eýesi Polina Starkeni (Germaniýa) ýeňdi. Emma ýarym finala çykmak ugrundaky göreşde 2024-nji ýylda Parižde (Fransiýa) geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynyň ýeňijisi 22 ýaşly Faýza Mokdardan (Fransiýa) ýeňildi we teselli beriş ýaryşyndan hormat münberine çykmaly boldy.

Bu ýaryşyň birinji duşuşygynda M.Perdäýewa çekeleşikli göreşde «waza-ari» utugy bilen Kim Juhiden (Koreýa Respublikasy) üstün çykdy. Bürünç medal ugrunda göreşde Hançžouda geçirilen XIХ tomusky Aziýa oýunlaryndaky ýaly, ýene-de Warşawada geçirilen 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, Gazagystanda 2023-nji ýyldaky Uly tuwulga we 2023-nji ýylda Duşenbede geçirilen Gran Pri ýaryşynda bürünç medal eýelän hytaýly Kaý Si bilen duşuşdy. Alty aý öň Hytaýda geçirilen Aziýa oýunlarynda Maýsa göreşiň soňky minudynda arassa ýeňiş gazanypdy. Indi bolsa tutluşygyň 3-nji minudynda garşydaşyny «ippona» zyňyp, ýene üstün çykdy. Eminiň wideokömekçisi bu netijeli tilsimi tassyklandan soň M.Perdäýewa begenjine tälimçisi Tatýana Widýasowanyň gujagyna doldy.

57 kilograma çenli agram derejesinde ikinji bürünç medala we 3-nji ýere Faýze Mokdar (Fransiýa) mynasyp boldy. Kümüş baýragy 2023-nji ýylda Abu Dabide we Tokioda geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda baýraklary eýelän Jessika Lima (Braziliýa) gazandy. Altyn medaly 2019-njy we 2023-nji ýyllarda iki gezek dünýä çempiony bolan Krista Deguçi (Kanada) eýeledi. 

Şeýle görnükli dzýudoçylara baýrak gowşurylyş dabarasynda türkmen türgeni bürünç medal bilen sylaglandy, şondan soň Antalýadaky Sport köşgünde ildeşimiziň üstünliginiň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyryldy.

Maýsa Perdäýewa türkmen dzýudoçylarynyň arasynda ikinji we zenanlar toparymyzda ilkinji bolup tutuş dünýäde geçirilýän abraýly «Uly tuwulga» ýaryşlarynda medal gazandy, bu ýaryşyň ýeňijilerine we onda baýrakly orunlary eýelänlere dünýä çempionatlaryna hem-de Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin utuk berilýär.

«Uly tuwulga» ýaryşynda ilkinji bolup münbere çykmagy başaran türkmen dzýudo ussady, geçen ýylyň dekabrynda Tokioda 66 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal eýelän Hekim Agamämmedowdyr. Zenanlaryň arasynda bolsa mundan öň iň oňat netije 2014-nji ýylda Bakuwda geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda 5-nji ýeri Gülbadam Babamuradowa eýeläpdi, ol Daşkentde (Özbegistan), Samsunda (Türkiýe), Sindaoda (Hytaý), Dýusseldorfda (Germaniýa), Agadirde (Marokko) we Tbiliside (Gruziýa) geçirilen ýaryşlarda iki gezek ýeňiji bolup, dört gezek dürli derejeli medal gazanypdy. 

Indi bolsa türkmen dzýudo taryhyna täze şanly sahypa ýazyldy. «Antalýa Grand Slam 2024» ýaryşynda bürünç medaly üçin dünýä görkezijisinde öň 33-nji orny eýelän M.Perdäýewa indi ony 500 dereje ýokarlandyrdy we 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin yklym paýyny gazanmaga saldamly okuwçysynyň bu möhüm üstünligini Maýsanyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ilkinji tälimçisi – Jora Mätnazarow we häzirki halypalary – kadetler (17 ýaşa çenli) we ýetginjekler (20 ýaşa çenli) milli ýygyndylarynyň uly tälimçisi Tatýana Widýasowa we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, ýaponiýaly hünärmen Kazuhiko Tokuno paýlaşýarlar.

Maýsa Perdäýewa ilkinji gezek 2022-nji ýylda Almatyda geçirilen ýetginjekleriň arasynda Aziýa Kubogyny eýeläp, halkara derejesinde abraý gazanyp başlady. 2023-nji ýylda Daşkentde guralan ýaryşda-da ýene şeýle üstünlige eýe boldy. Geçen ýyl bu zehinli dzýudoçy Saraýewoda 2023-nji ýylda geçirilen Ýewropa Kubogynda kümüş, Kuweýtde guralan Aziýanyň açyk ýaryşynda we Hançžouda geçirilen XIХ tomusky Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy.

Hytaýda geçirilen Aziýa oýunlarynda Maýsa Perdäýewa ýaryşyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň toparynyň baýdagyny götermek ynanyldy. Ol bu abraýly wezipä ynamly hötde gelmek bilen çäklenmän, eýsem, ýylyň esasy toplumlaýyn ýaryşynda medal eýeläp, ýurduň sport abraýyny ýokary galdyrdy.