Ï Arkadag şäherinde gümrük gullugyna täze işe gelenler üçin maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde gümrük gullugyna täze işe gelenler üçin maslahat geçirildi

view-icon 2592
Arkadag şäherinde gümrük gullugyna täze işe gelenler üçin maslahat geçirildi

Türkmenistanda gümrük işgärleri üçin başlangyç taýýarlyk okuwlarynyň çäginde Arkadag şäheriniň gümrük gullugynda ozon bozujy maddalaryň (OBM) we gidrohlorftoruglerodlaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak babatynda maglumatlylygy artdyrmak boýunça seminar geçirildi.

Çäräni Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça bölümi (UNIDO) gurady.

Maslahata gatnaşanlar ozon bozujy maddalaryň (OBM) we gidrohlorftoruglerodlaryň bikanun dolanyşygynyň öňüniň alynmagyny sazlaýan halkara hukuk resminamalary, hususan-da, ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasy we Ozon gatlagyny weýran edýän maddalar boýunça Monreal teswirnamasy bilen tanyşdylar.

Bu bölümde ozon bozujy maddalara (OBM) gözegçilik etmegiň hem barlag geçirmegiň esasy ugurlary boýunça tanyşlyk çykyşlary we wideo materiallar peýdaly boldy.

Gümrükçiler nazaryýetde alan bilimlerini iş ýüzünde berkitdiler. Olar gümrük resminamalary, konteýnerleri gözden geçirmek we ozon bozujy maddany kesgitleýjiler esasynda OBM-i kesgitlediler.